Apple koronawirus sebäpli ABŞ-da we Britaniýada käbir dükanlaryny wagtlaýyn ýapýar

  • 21.12.2020 16:01
  • 6.8k+

Apple kompaniýasy koronawirus sebäpli Kaliforniýadaky we Londondaky ownuk söwda dükanlarynyň ählisini wagtlaýyn ýapmak kararyna geldi diýip, Bloomberg agentligi habar berýär. Muny vedomosti.ru ýetirýär.

Kaliforniýada 53 dükanyň ählisi ýapylar, kompaniýa olaryň haçan işläp başlajakdygyny mälim edenok. Bloomberg-iň belleýşi ýaly, Kaliforniýa soňky hepdelerde koronawirus ýaýrawynyň merkezine öwrüldi: pandemiýa başlany bäri ştatda 1,8 milliondan gowrak keselli bar, şenbe güni 43 müňden gowrak täze kesel ýagdaýy hasaba alyndy.
Apple Tennessi, Ýuta, Minnesota, Oregon we beýleki ştatlardaky dükanlaryň hem ählisini ýapýar. Umuman alanyňda, ABŞ-da 65-den gowrak dükan işini bes eder. Kompaniýa Beýik Britaniýada, Meksikada we Braziliýada hem 16 dükanynyň işini togtadar.
1976-njy ýylda esaslandyrylan Apple kompaniýasy personal we planşet kompýuterlerini, audiopleýerleri, telefonlary, “akylly sagatlary” we programma üpjünçiligini öndürmek bilen meşgullanýar.

düýn 20:25
2k+

Swatch akylly sagatlardaky siferblatlar sebäpli Samsung-dan 170 million dollar isleýär

Şweýsariýanyň Swatch kompaniýasy öz haryt nyşanlarynyň rugsatsyz ulanylandygy üçin Samsung kompaniýasyndan 170 million dollar jerime tölemegi talap edýär. Bu mesele boýunça häzirki wagtda Londonyň Ýokary......

25.06.2026 20:11
3.6k+

Hindi startapyny esaslandyryjy WhatsApp-a ýolbaşçylyk eder

Meta kompaniýasy WhatsApp-yň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleriň bolandygyny yglan etdi. Soňky ýedi ýylyň dowamynda messenjere ýolbaşçylyk eden Will Ketkart kompaniýanyň içinde başga bir wezipä geçýär. Täze......

24.06.2026 17:02
2.5k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

23.06.2026 22:44
5.6k+

Bugatti sport awtoulagynyň bahasyndan golf taýaklaryny satýar

Bugatti kompaniýasy «Honma» ýapon firmasy bilen bilelikde işlenip düzülen golf aksessuarlarynyň täze hataryny tanyşdyrdy. Aýratyn taýaklaryň bahasy 3200 dollardan başlanýar, iň gymmat toplumyň bahasy bolsa 72......