AÖB we Türkmenistan TOPH taslamasyny durmuşa geçirmegiň meselelerini maslahatlaşdy

  • 18.12.2020 19:54
  • 5k+

17-nji dekabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde wideomaslahat görnüşinde Aziýanyň ösüş bankynyň Merkezi we Günbatar Aziýa boýunça Baş direktory Werner Lipagyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi, onuň barşynda Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň taslamasyny amala aşyrmak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Aziýanyň ösüş banky bilen köpýyllyk hyzmatdaşlygynyň, hususan-da, energetika, ulag, şeýle hem hususy eýeçiligi ösdürmek we maýa goýum ugrundaky hyzmatdaşlygyň netijeliligi bellenildi.
TOPH gaz geçirijisiniň taslamasynyň ähmiýetine aýratyn üns berildi. Bellenilişi ýaly, bu taslamanyň amala aşyrylmagy sebitiň ykdysady integrasiýasyna oňyn täsir etmäge we ýewraziýa giňişliginde durmuş-ykdysady ösüşine gönükdirilen ähmiýeti nygtaldy.
Türkmenistanyň dünýäniň ýurtlarynyň ykdysadyýetini dikeltmek nukdaýnazaryndan aýratyn möhüm bolup durýan ulag-üstaşyr gatnawlarynyň kämilleşdirilmegine ygrarlydygy barada nygtalyp geçildi. “Demirgazyk–Günorta” demir ýolunyň bilelikde durmuşa geçirilmegi hem-de elektroenergetika ulgamynda hyzmatdaşlyk ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem taraplar geljek ýyl üçin hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlediler.

düýn 16:07
2.3k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 14:18
5.9k+

​Bloomberg: Tramp 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmegi meýilleşdirýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy takmynan 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmek mümkinçiligini gözden geçirýär diýip, Bloomberg agentligi......

düýn 12:34
3.8k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 21:16
5.5k+

2050-nji ýyla çenli Ýewropada iň wajyp çig mallara bolan islegiň tas ýarysy galyndylaryň hasabyna üpjün ediler

2050-nji ýyla çenli galyndylar Ýewropa üçin iň esasy möhüm materiallaryň çeşmeleriniň birine öwrülip, sebitiň bu hili çig mala bolan isleginiň 56%-e çenlisini üpjün edip biler. Ýewropa Bileleşigi (ÝB)......