Ýewropa kino akademiýasy 2020-nji ýylyň iň gowy filmini saýlady

  • 14.12.2020 13:17
  • 11k+

Ýewropa kino akademiýasy ýylyň iň gowy filmini saýlady. Netijede, bu abraýly baýraga “Ýene bir gezek” ("Druk") filmi mynasyp boldy. Bu barada akademiýanyň web sahypasyna salgylanyp, Sputnik gullugy habar berýär.

Mads Mikkelseniň baş keşbi janlandyran “Ýene bir gezek” filmine daniýaly Tomas Winterbergiň režissýorlyk etdi. Film üçin Winterberg iň gowy režissýor, iň gowy ssenariýa baýraklaryny aldy. Iň gowy ssenariýa üçin baýragyny ol awtordaş ýazyjy Tobias Lindholm bilen paýlaşdy. Mikkelsen bu filmdäki keşbi üçin iň gowy aktýor baýragyny aldy.
Kino akademiýasynyň iň gowy aktrisa ugrundaky baýragyna "Undina" filmindäki roly üçin Paulo Ber mynasyp boldy. Iň oňat dokumental film hökmünde bolsa rumynlaryň "Kollektiw" ("Colectiv") filmi ykrar edildi.
Mikkelsen we Winterberg bu baýragy režissýoryň 19 ýaşynda awtoheläkçilikde aradan çykan gyzy Ida Winterberge bagyşladylar. "Ýene bir gezek" filminde ol hem çykyş etmelidi. Film Idanyň okan mekdebinde düşürildi, filme onuň dostlary hem gatnaşdylar.
"Ýene bir gezek" tragikomediýasy doglan gününden başlap adamyň ganyndaky alkogol ýetmezçiligi hakdaky teoriýany barlamak kararyna gelen dört sany mugallym barada.
Ýewropa kino akademiýasy amerikan Oskaryna garşy 1988-nji ýylda öz baýragyny döretdi. Onda ýeňiji "Feliks" bürünç heýkeli bilen sylaglanýar.

05.06.2026 13:07
3.9k+

Aşgabatda halkara moda görkezilişi geçirildi

Aşgabatdaky «TurkmenTextile Expo — 2026» halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde Fransiýa, Russiýa, Özbegistan, Marokko we Oman ýaly ýurtlardan belli moda öýleriniň hem-de ýerli meşhur brendleriň gatnaşmagynda......

01.06.2026 17:04
2.5k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....

12.05.2026 18:30
1.8k+

Dior Wenesiýadaky «Altyn öýi» dikeltmäge gatnaşýar

Dior moda öýi «Venetian Heritage» guramasy bilen bilelikde Wenesiýanyň binagärlik we medeni mirasyny gorap saklamaga gönükdirilen täze uly göwrümli taslama başlady....