Артистами года по версии Time стала кей-поп-группа BTS

  • 12.12.2020 19:05
  • 8.2k+

Günorta Koreýanyň BTS K-pop toparynyň agzalary, “Time” amerikan žurnalynyň habaryna görä, ýylyň artisti boldy. Neşiriň saýtynda bu toparyň aýdym-saz reýtinglerinde iň üstünlikli K-pop toparydygy bellenilýär. Şeýle-de, žurnalistleriň pikiriçe, topar dünýäde hem üstünlige eýe boldy diýip, mymsk.online belläp geçýär.

Toparyň agzalary koronawirus pandemiýasyna garamazdan, muşdaklary bilen aragatnaşygy sakladylar. Koronawirus lokdauny ýylynda BTS täze relizleri çykardy, Billboard çartynda birinji orny eýeledi we onlaýn konsertleri geçirdi. 2020-nji ýylyň iýun aýynda topar ekranyň öňünde 765 müň tomaşaçyny ýygnady. Olaryň “Bang Bang Con: The Live” konserti dünýäde iň uly onlaýn çykyşy boldy.
BTS-iň muşdaklarynyň sany 50 mln töweregi. YouTube-da toparyň wideosyna 13 milliard gezekden hem köp tomaşa edildi, Dynamite aýdymy üçin wideo bir günüň içinde 101 million gezek tomaşa edildi.
Ýatlap geçsek, 2019-njy ýylda Time BTS-i ýylyň iň abraýly 100 adamynyň sanawyna girizdi. Häzir topar “Gremmi” baýragyna dalaşgär hödürlenildi.
Munuň täze “Dynamite” aýdymynyň çykmagy bilen baglanyşyklydygyny bellemelidiris. Bu toparyň iňlis dilindäki ilkinji kompozisiýasy. Ýaňy-ýakynda BTS “BE” ady bilen täze albomyny hödürledi.

вчера 15:42
1.9k+

Chanel выпустила ювелирный шахматный набор стоимостью $4 млн

На ежегодной выставке Watches & Wonders 2026 в Женеве модный дом Chanel представил эксклюзивный шахматный набор Coco Game стоимостью 4 миллиона долларов. ...

24.04.2026 16:14
2k+

Актер Педро Паскаль стал лицом модного дома Chanel

Актер Педро Паскаль стал лицом модного дома Chanel. Об этом звезда сериалов «The Last of Us» и «Нарко» сообщил в своих социальных сетях....

23.04.2026 11:43
3.5k+

Кимоно, туники и шаровары: главный тренд года в моде

В модной индустрии набирает популярность тренд на восточные мотивы — так называемый «ориентал-кор». Дизайнеры всё чаще обращаются к культуре стран Азии и Ближнего Востока, создавая коллекции с характерными......

16.04.2026 22:53
1.8k+

Майки, анораки и брюки-парашюты: Зендея выпустила коллекцию для бренда On

Актриса Зендея и бренд On разработали совместную коллекцию спортивной одежды и обуви, релиз которой намечен на 16 апреля, сообщает WWD. Официальный анонс линейки представлен в виде трехминутного фильма «Shape......