Minutda has köp awtoulag öndürýän ýurt we kompaniýa haýsy?

  • 07.12.2020 22:52
  • 23k+

Häzirki wagtda awtomobil pudagy uly girdeji gazanýar. Bir minutda haryt dolanyşygy 1 000 000 000-a ýetýär. Her ýyl konweýerden 100 000 000 töweregi täze awtoulag çykýar.

Hünärmenler haýsy ýurduň şol bir wagtda has köp awtoulag öndürýändigini anyklamak kararyna geldiler we munuň üçin reýting düzdüler. Bu barada car.ru habar berýär.
Mysal üçin, Hytaýda bir minutda konweýerden 49 awtoulag çykýar. ABŞ-da bu görkeziji hatda 21-e hem ýetmeýär, Ýaponiýada bir minutda 18 awtoulag çykarylýar. Russiýada her minutda 3 sany täze awtoulag öndürilýär. Bu görkeziji Italiýa we Türkiýe bilen deňeşdirilende ýokarydyr.
Şeýle-de, hünärmenler Volkswagen we Toyota kompaniýalarynyň awtoulaglary has çalt öndürýändigini bellediler. Konweýerden bir minutda 20 awtoulag çykýar. Hyundai kompaniýasy şol bir wagtda 14, GM 13 sany awtoulag ýygnaýar. Liderleriň sanawynda Ford we Nissan kompaniýalary hem bar. Birinjisi 60 sekuntda 12, ikinjisi 11 awtoulag öndürýär. Ýedinji orunda her minutda 10 awtoulag öndürýän Honda ýerleşdi. Sekizinji orny minutda 8,8 ulagy öndürýän FCA konserni eýeledi, liderleriň onlugyny Renault bilen PSA jemleýär. Olar minutda degişlilikde 7,9 hem-de 6,9 ulag öndürýärler.
Şunuň bilen baglanyşykly şeýle sorag ýüze çykýar – awtoulag öndürijileri bir minutda näçe gazanýarlar? Ýüzlerçe müň dollar. Şeýlelikde, Honda we BMW öz modellerini iň ýokary, Peugeot bolsa iň pes baha bilen bahalandyrýar.

şu gün 06:54
179

Hyundai islegiň peselmegi sebäpli iň soňky uniwersal modelini çykarmagy bes eder

Hyundai kompaniýasy i30 Wagon uniwersalynyň önümçiligini bes etmek barada netijä geldi. Ol markanyň bu kuzow görnüşindäki iň soňky modelidi. Bu çözgüt barada Hyundai Motor Europe kompaniýasynyň prezidenti we......

düýn 21:54
1.9k+

Toyota kompaniýasy Crown hatarynyň üç modeliniň täzelenen görnüşini taýýarlaýar

Toyota kompaniýasy Ýaponiýanyň bazary üçin Crown Crossover, Crown Sport we Crown Sedan modelleriniň täzelenen görnüşlerini taýýarlaýar. «Creative Trend» neşiriniň berýän maglumatlaryna görä, restaýling edilen......

27.06.2026 09:56
2.5k+

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

26.06.2026 00:00
2.8k+

10 minutlap sürüjisiz: Xiaomi YU7 GT «Nýurburingde» rekord goýdy

Xiaomi YU7 GT elektrokrossoweri «Nýurburing-Nordşlaýfe» ýoluny awtonom ýagdaýda (sürüjisiz) geçen ilkinji ulag boldy. Kompaniýanyň habar bermegine görä, maşyn 20,8 kilometrlik aýlawy 10 minut 29,483 sekuntda......