Türkmenistan pandemiýanyň ykdysady täsirlerini azaltmak boýunça dünýä tejribesi bilen tanyşdy

  • 07.12.2020 18:58
  • 11k+

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň wekilleri telekeçiligiň hukuk gurşawyny kämilleşdirmäge bagyşlanan, wideoaragatnaşyk görnüşinde geçirilen halkara maslahata gatnaşdylar.

Duşuşygyň barşynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Sekretariatynyň bilermenleri hem-de beýleki hünärmenler degişli dünýä tejribesiniň syny, şol sanda işewürlik üçin pandemiýanyň ykdysady täsirlerini azaltmak babatda işler bilen tanyşdyrdylar.
Maslahat ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi ösdürmegiň kadalaşdyryjy-hukuk şertlerini gowulandyrmak bilen bagly wezipeleri çözmekde Türkmenistanyň döwlet edaralaryna ýardam etmäge gönükdirilen çäreleri öz içine aldy. Ol “Merkezi Aziýa ýurtlarynda telekeçiligiň hukuk gurşawyny kämilleşdirmek” atly giň gerimli sebit taslamasynyň bir bölegidir.
Türkmen tarapynyň belleýşi ýaly, bu taslamany amala aşyrmagyň birinji tapgyry Türkmenistanyň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen özara gatnaşyklary üçin hem-de bazar ykdysadyýetine geçmek babatda özgertmeleri ilerletmekde ýurdumyzyň döwlet gullukçylarynyň we hususy pudagynyň kuwwatyny artdyrmak üçin örän bähbitli boldy.

23.04.2026 03:54
2.3k+

Samsung-da 30 ýyllap işlän top-menejer Intel-de baş direktor boldy

Intel kompaniýasy Şon Hany «Foundry Services» bölümçesiniň uly wise-prezidenti we baş direktory wezipesine belledi. Şon Han ozal 30 ýyla golaý wagtlap Samsung-da işläp, «Samsung Semiconductor» bölümçesiniň uly......

22.04.2026 08:18
3k+

Bentley kompaniýasy elektrik ulaglary ýygnalanda geýilýän ýörite uglerod süýüminden tikilen geýimleri işläp düzdi

Bentley kompaniýasy elektrik ulaglaryny ýygnaýan işçileri üçin täze ýörite iş eşigini işläp düzdi. Matanyň düzümine elektron bölekleri statik tokdan goraýan uglerod süýümi goşuldy....

21.04.2026 14:43
3.6k+

Tim Kuk Apple-iň ýolbaşçysy wezipesinden gider. Onuň ornuny Jon Ternus eýelär

Apple kompaniýasy baş direktoryň çalşylýandygyny yglan etdi: 2026-njy ýylyň 1-nji sentýabryndan başlap, kompaniýanyň ýolbaşçysy wezipesine Jon Ternus geçer. Soňky 15 ýylyň dowamynda Apple-e ýolbaşçylyk eden......

20.04.2026 15:07
2.4k+

Nutella şokolad pastasy 60 ýylyň dowamynda ilkinji gezek täze - arahis tagamyna eýe boldy

Nutella kompaniýasy öz meşhur şokolad pastasynyň täze görnüşini çykarandygyny yglan etdi. Täze görnüşde pissäniň ýerine arahis goşulypdyr....