R.Meredow ÝHHG-ä agza ýurtlaryň Geňeşiniň ministrler derejesindäki nobatdaky mejlisine gatnaşýar

  • 04.12.2020 13:52
  • 2.7k+

3-nji dekabrda wideomaslahat arkaly ÝHHG-ä agza ýurtlaryň Geňeşiniň ministrler derejesindäki nobatdaky mejlisi öz işine başlady. Däp boýunça ýylyň ahyrynda geçirilýän iki günlük onlaýn duşuşyga Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasyna girýän döwletleriň, şol sanda Türkmenistanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşýarlar.

Gün tertibine özara gyzyklanma döredýän sebit we dünýä derejesindäki giň gerimli meseleleriň, şeýle hem bu abraýly guramanyň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän köpugurly hyzmatdaşlygyň esasy syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarynyň ara alnyp maslahatlaşylmagy girizildi.
Şeýle hem umumy mejlisler geçirilip, şolaryň barşynda wekiliýetleriň baştutanlary, ÝHHG-ä agza döwletleriň daşary syýasat edaralarynyň hem-de gatnaşyk alnyp barylýan hyzmatdaş ýurtlaryň ýolbaşçylary çykyş etdiler.
Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň baştutany ählumumy pandemiýanyň ýaramaz täsirleri hem-de dünýädäki howpsuzlygyň ýagdaýy barada aýdyp, howpsuzlyk ulgamynda ÝHHG-niň bitewi strategiýasyny — birnäçe özara baglanyşykly syýasy, durmuş-ykdysady we ynsanperwer wezipeleriň çözülmegine gönükdirilen täze halkara-hukuk guralyny taýýarlamagyň mümkinçiliklerine garamagy teklip etdi.
Öňümizdäki 2021-nji ýylda bilelikdäki taslamalaryň 68-sini amala aşyrmak meýilleşdirilýär, şolaryň 37-si – syýasy ulgama degişli, 13-si – ykdysady ugur boýunça we 18 taslama –ynsanperwer ulgama, hususan-da, bilim, ylym hem-de medeniýet ulgamlaryna degişlidir.
Mejlise gatnaşyjylar halkara gatnaşyklaryndaky islendik jedelli meseleleri düzgünleşdirmekde syýasy-diplomatik usullary giňden peýdalanmagyň wajypdygyny hem-de şoňa isleg bildirilýändigini belläp, türkmen tarapynyň bu meseläniň çözülmegi babatdaky oňyn çemeleşmesini hem-de bu ugurda görýän anyk çärelerini makulladylar.

 

düýn 19:01
969

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

düýn 18:54
3.2k+

Nvidia bazar bahasy 5,5 trillion dollara ýeten taryhda ilkinji kompaniýa boldy

Nvidia bazar bahasyny (kapitalizasiýasyny) 5,5 trillion dollardan geçiren taryhda ilkinji jemgyýetçilik kompaniýasy boldy....

13.05.2026 22:54
1.9k+

Misiň dünýä bazaryndaky nyrhy önümçilikdäki bökdençlikler sebäpli gymmatlaýar

Dünýä bazarlarynda misiň bahasy bir tonna üçin 14 000 dollardan geçip, taryhy iň ýokary derejesine golaýlady. Bloomberg agentliginiň habar berşi ýaly, nyrhlaryň beýle çalt ýokarlanmagyna magdan känlerindäki......

13.05.2026 22:49
5.3k+

Narendra Modi hindistanlylary bir ýyllap altyn satyn almazlyga çagyrdy

Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi halka ýüzlenip, iň bolmanda bir ýyl möhlet bilen altyn satyn almakdan saklanmaga çagyrdy. Hökümet baştutanynyň pikiriçe, bu çäre dünýä ykdysadyýetindäki durnuksyzlyk......