Türkmenistan Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasy bilen ynsanperwer we ylmy ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýar

  • 30.11.2020 23:35
  • 3k+

Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň agza-döwletleriniň Hökümet baştutanlarynyň (premýer-ministrleriniň) geňeşiniň wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen mejlisinde bütindünýä koronawirus ýokanjy döwründe ylym, saglygy goraýyş we lukmançylyk ulgamyndaky gatnaşyklary giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ylmy gatnaşyklaryň hem-de ylmy alyş-çalşyň, täze tehnologiýalary ulanmagyň ähmiýeti aýratyn bellenildi. Şeýle hem wekiliýet baştutanlary ŞHG-nyň agza-döwletleriniň taryhy-medeni mirasynyň ilerledilmeginiň hem-de syýahatçylyk mümkinçilikleriniň ösdürilmeginiň derwaýyslygyny nygtadylar.
Mejlisiň barşynda eden çykyşynda Taürkmenistanyň Daşary işler ministri Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasyna agza ýurtlar bilen ynsanperwer we ylmy ulgamlardaky gatnaşyklaryň – hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belledi. «Biziň döwletlerimiziň hem-de halklarymyzyň arasyndaky umumy taryhy, medeni, ruhy gatnaşyklar, bu ulgamlarda gatnaşyklaryň ulgamlaýyn çemeleşmesiniň işlenilip düzülmeginiň berk binýady bolup durýandyr» diýip R.Meredow belledi.
Şu nukdaýnazardan, raýdaşlyk, özara kömek we bilelikdäki işler arkaly pandemiýa bilen göreşmekde döwletleriň tagallalaryny birleşdirmek ugrundaky Türkmenistanyň berk nukdaýnazary bellenilip geçildi. Türkmenistanyň Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasy bilen ylmy-lukmançylyk ugry boýunça ysnyşykly hyzmatdaşlygy ýola goýmaga taýýardygy we uzakmöhletleýin mümkinçiliklerde lukmançylyk jemgyýetçiligi, ugurdaş düzümleri bilen ýokary hünär gatnaşyklarynyň ýola goýulmagy ugrunda çykyş edýändigi bellenildi.

düýn 12:54
2k+

Grand-Kanýonyň peýda bolmagyny gadymy kölüň daşmagy bilen baglanyşdyrdylar

Alymlar Grand-Kanýonyň emele gelmegi barada täze nazary pikiri hödürlediler: onuň takmynan 6,6 million ýyl mundan ozal gadymy kölüň daşmagy bilen emele gelen bolmagy mümkin. Bu barlagyň netijeleri Science......

düýn 12:14
6.1k+

Ýene birnäçe nesilden soň Marsda ýaşajak adamlaryň keşbi düýpli özgerer

Mars planetasynda uzak wagtlap ýaşamak ynsan anatomiýasyny düýpli üýtgeşmelere sezewar edip biler. Perm politehniki uniwersitetiniň dosenti, alym Wladislaw Nikitin hem bu hakynda özüniň ylmy çaklamalaryny öňe......

24.04.2026 15:00
4.5k+

2027-nji ýyldan ÝB-niň bazarynda batareýasy aýryp-dakylmaýan smartfonlar we planşetler gadagan ediler

2027-nji ýylyň 18-nji fewralyndan Ýewropa Bileleşiginiň bazarynda öndürijileri smartfonlary we planşetleri aýryp-dakylýan batareýalar bilen üpjün etmäge borçlandyrýan täze düzgünler güýje girer. 2023-nji ýylda......

24.04.2026 14:31
2.5k+

Günde X2.5 derejeli güýçli partlama bolup geçdi

Şu gün sagat 06:07-de (Aşgabat wagty bilen) Günde X2.5 derejeli partlama hasaba alyndy. Bu ýagdaý, soňky iki ýarym aýyň dowamyndaky iň güýçli hadysalaryň biridir. Şoňa meňzeş derejedäki partlama (X4.2) iň......