Pandemiýanyň ýüze çykaryp biläýjek durmuş-ykdysady meselelerine garşy çäreler maslahatlaşyldy

  • 26.11.2020 18:55
  • 5.9k+

25-nji noýabrda COVID-19-yň ýaýramagy sebäpli, ýüze çykyp biläýjek durmuş-ykdysady meseleler boýunça BMG-niň edaralary bilen Türkmenistanyň Hökümetiniň arasyndaky bilelikdäki iş toparynyň nobatdaky 4-nji mejlisi geçirildi.

Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde onlaýn görnüşde geçirilen duşuşyga milli parlamentiň, Adalatçynyň diwanynyň, degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, BMG-niň ýurdumyzda işleýän edaralarynyň, abraýly maliýe edaralarynyň (Bütindünýä banky, Aziýanyň ösüş banky, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky) hem-de jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri gatnaşdylar.
Gün tertibine “Türkmenistanda ýiti ýokanç keseliniň pandemiýasyna garşy dessin durmuş-ykdysady çäreleriň meýilnamasynyň” durmuşa geçirilişiniň barşyny ara alyp maslahatlaşmak baradaky mesele çykaryldy.
Mejlise gatnaşyjylar ady agzalan meýilnamany durmuşa geçirmek boýunça görülýän çäreler barada habar berdiler hem-de statistika maglumatlarynyň seljerilmegi bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Hususan-da, BMGÖM-niň Türkmenistandaky wekilhanasy tarapyndan işlenilip taýýarlanylan meýilnamanyň seljerilişine degişli giňişleýin maglumatlara garaldy. Şonda pandemiýanyň öňüni almak babatda BMG-niň ýurtlardaky edaralary tarapyndan durmuş-ykdysady taýdan täsir etmek boýunça hasabatlylygy üçin ählumumy derejesinde BMG tarapyndan kabul edilen görkezijiler getirildi.
Çäräniň ahyrynda bu ugurda möhüm wezipeleri üstünlikli çözmek maksady bilen, mundan beýläk ýerine ýetirilmeli anyk işler kesgitlenildi.

düýn 18:04
2.6k+

Gyrgyzystan ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna saýlandy

Gyrgyzystan öz taryhynda ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň 2027–2028-nji ýyllar döwri üçin hemişelik däl agzalygyna saýlandy. Bu barada Guramanyň resmi portalynda habar berildi....

düýn 17:31
849

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

düýn 15:42
1.7k+

Amazon Ýewropa ammarlardaky robotlar we 25 müň iş ornuny döretmek üçin 10 milliard ýewro ugradar

Amazon kompaniýasy ýakyn ýyllarda Ýewropadaky ammar we logistika ulgamyny giňeltmäge hem-de döwrebaplaşdyrmaga 10 milliard ýewrodan gowrak maýa goýar. Bu maýagoýumlar sebitde goşmaça 25 000 iş ornuny döretmäge......

düýn 15:39
1.3k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......