Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Balkan welaýatynyň baş metjidi açyldy

  • 25.11.2020 23:45
  • 22k+

Şu gün Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, şol ýerde welaýatyň baş metjidiniň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Täze metjit Balkanabadyň demirgazyk-günbatar böleginde guruldy. Ajaýyp metjidi Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolan hususy kärhanalaryň gurluşykçylary bina etdiler.
Metjidiň iki gatly binasynda bir wagtda 3 müň adama namaz okamaga şert döredildi.
Bu ýerde saýaly we pürli agaçlaryň 3 müň düýbi, gyrymsy agaçlaryň 10 müň düýbi oturdyldy.
Döwlet Baştutany täze metjidiň açylmagyna ak pata berip, binanyň içine girdi. Doga-dileg edilenden soň, hajy Arkadagymyz musulman dünýäsiniň mukaddes şäheri Mekgeden ýadygärlik sowgat hökmünde iberilen, mukaddes Käbäniň keramatly ýazgylary bolan örtügi gowşurdy.
Bu ýerde, ýola goýlan asylly däbe görä, hormatly Prezidentimize sowgat berlen keramatly teperrik goýuldy.
Şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisiniň özüniň doglan güni mynasybetli gowşuran mukaddes Käbäniň gapysynyň şekilinde Gurhany-Kerimiň mukaddes aýatlarynyň ýazgylary ýerleşdirilen sowgady täze metjide gowşurýandygyny aýtdy.
Soňra milli Liderimiz täze metjide täze awtoulagy sowgat etdi hem-de metjidiň sadaka bermek üçin niýetlenen binasynda ýiti zehininden we jöwher paýhasyndan dörän ajaýyp eserleriniň galam hakynyň hasabyna ilimiziň asudalygy, ýurdumyzyň parahatçylygy, döwletimiziň has-da gülläp ösmegi üçin toý sadakasyny berdi.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, bu metjidiň umumy meýdany 14 gektardan gowrakdyr. Onuň binasy iki gatdan ybarat bolup, bir wagtyň özünde bu ýerde 3000 adam namaz okap bilýär. Minaralarynyň her biriniň boýy 63 metre, gümmeziniň beýikligi bolsa 40 metre deňdir. Şeýle hem, metjidiň gapdalynda 1500 orunlyk sadaka jaýy, 50 orunlyk myhmanhana we awtoduralga göz öňünde tutuldy.

şu gün 04:56
710

Aşgabatda haly we haly önümleriniň bäsleşiginiň jemleri jemlendi

Türkmen halysynyň milli muzeýinde «Türkmenhaly» döwlet birleşigi tarapyndan guralan haly we haly önümleriniň bäsleşiginiň jemleri jemlendi. «Ar­şyň ne­pis­li­gi — türk­men ha­ly­sy» at­ly bäsleşik Türkmen......

düýn 11:30
3.2k+

Tirannozawryň skeleti Sotheby’s auksionynda 30 mln dollara satuwa çykarylar

Sotheby’s auksion öýi häzire çenli tapylan iň uly we doly derejeli tirannozawr skeletleriniň birini satuwa çykarar. Gas atly bu tapyndynyň bahasy 20–30 million dollar aralygynda bahalandyrylýar. Bu barada......

düýn 11:28
1.1k+

YouTube ulanyjynyň islegi boýunça wideo saýlamagy öwrendi

YouTube wideohostingi emeli aňyň kömegi bilen wideolaryň şahsy lentalaryny döretmegiň täze funksiýasyny işe girizdi. Indi saýlama wideolaryň ýygyndysyny döretmek üçin ulanyja diňe isleýän kontentiniň tekstli......

düýn 07:40
3.1k+

50 ýyllyk gözegçilikler ýekebara ene-atalaryň bagtlylyk we durmuşdan kanagatlanma derejesini görkezdi

Ýekebara ene-atalar ortaça durmuşdan kanagatlanma derejesiniň är-aýal jübütlerine garanyňda pesdigini, ýöne güýçli sosial goldaw bolan ýagdaýynda, olar çagasyz ýalňyz adamlar bilen deňeşdireniňde, özlerini......