Ilon Mask dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawynda Bill Geýtsden öňe geçdi

  • 25.11.2020 17:47
  • 10k+

Bloomberg agentligi tarapyndan düzülýän Bloomberg Billionaries Index-iň maglumatlaryna görä, SpaceX we Tesla kompaniýalarynyň ýolbaşçysy Ilon Mask dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawynda ikinji orny eýeledi. Bu barada REGNUM habarlar agentligi habar berýär.

Fond söwdasynda Tesla paýnamalarynyň ösmegi netijesinde Maskyň baýlygy 7,2 milliard dollar artyp, 127,9 milliard dollara ýetdi, bu hem oňa 127,7 milliard dollar baýlygy bilen sanawyň ikinji ornunda ýerleşen Microsoft korporasiýasyny esaslandyryjy Bill Geýtsden öňe geçmäge mümkinçilik berdi.
Soňky bir ýylyň içinde Maskyň baýlygy 100,3 milliard dollar ýokarlandy we bu rekord derejeli ýyllyk ösüşi boldy.
Bloomberg-iň hasaby boýunça, dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawynda birinji orny Amazon kompaniýasynyň esaslandyryjysy Jeff Bezos eýeleýär, onuň baýlygy 182 milliard dollar bilen bahalandyrylýar. Dünýäniň iň baý adamlarynyň bäşligine Louis Vuitton Moet Hennessy kompaniýasynyň prezidenti Bernar Arno we bäşinji orny eýelän Facebook-y esaslandyryjy Mark Sukerberg hem girýär.
23-nji noýabrda amerikan elektrokar öndürijisi Tesla-nyň paýnamalary söwdanyň dowamynda baha rekordyny täzeledi. Bir paýnamanyň bahasy söwdanyň ýapylyşynyň anna günündäki derejesine 7 göterim goşup, 524,96 dollara çenli ýokarlandy.

düýn 20:25
2.2k+

Swatch akylly sagatlardaky siferblatlar sebäpli Samsung-dan 170 million dollar isleýär

Şweýsariýanyň Swatch kompaniýasy öz haryt nyşanlarynyň rugsatsyz ulanylandygy üçin Samsung kompaniýasyndan 170 million dollar jerime tölemegi talap edýär. Bu mesele boýunça häzirki wagtda Londonyň Ýokary......

25.06.2026 20:11
3.6k+

Hindi startapyny esaslandyryjy WhatsApp-a ýolbaşçylyk eder

Meta kompaniýasy WhatsApp-yň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleriň bolandygyny yglan etdi. Soňky ýedi ýylyň dowamynda messenjere ýolbaşçylyk eden Will Ketkart kompaniýanyň içinde başga bir wezipä geçýär. Täze......

24.06.2026 17:02
2.5k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

23.06.2026 22:44
5.6k+

Bugatti sport awtoulagynyň bahasyndan golf taýaklaryny satýar

Bugatti kompaniýasy «Honma» ýapon firmasy bilen bilelikde işlenip düzülen golf aksessuarlarynyň täze hataryny tanyşdyrdy. Aýratyn taýaklaryň bahasy 3200 dollardan başlanýar, iň gymmat toplumyň bahasy bolsa 72......