Aziýada dünýäde iň uly erkin söwda zolagy döredilýär

  • 15.11.2020 23:26
  • 11k+

Aziýa-Ýuwaş ummany sebitiniň on bäş döwleti Ählitaraplaýyn sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk barada şertnama baglaşdy diýip, Hytaýyň Maliýe ministrligi habar berýär. Bu barada RIA Nowosti belläp geçýär.

Gol çekişlik dabarasy şu ýyl wideoaragatnaşyk görnüşinde geçirilýän Günorta-Gündogar Aziýa döwletleriniň assosiasiýasynyň (ASEAN) sammitiniň çäginde geçirildi. Ylalaşyk dünýäde iň uly erkin söwda zolagyny döretmegi göz öňünde tutýar. Oňa ASEAN-yň on döwleti gatnaşdy: Bruneý, Mýanma, Kamboja, Indoneziýa, Laos, Malaýziýa, Filippinler, Singapur, Tailand we Wýetnam, şeýle-de Hytaý, Awstraliýa, Ýaponiýa, Günorta Koreýa we Täze Zelandiýa. Dünýä ilatynyň, JIÖ-iň we dünýä söwdasynyň üçden bir bölegi olaryň paýyna düşýär.
Ylalaşyga gatnaşyjylaryň pikiriçe, resminama gol çekilmegi pandemiýadan soň ähli ýurtlaryň ykdysady taýdan dikelmegine itergi berer.

“Söwdany liberallaşdyrmak işiniň dowamly güýçlendirilmegi sebitiň ykdysady gülläp ösüşine ýardam berer” – diýlip, beýannamada aýdylýar.

Ählitaraplaýyn sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlygy döretmek boýunça işler 2012-nji ýyldan bäri alnyp barylýar, şu wagta çenli 30-dan gowrak gepleşik geçirildi.

düýn 20:25
2.1k+

Swatch akylly sagatlardaky siferblatlar sebäpli Samsung-dan 170 million dollar isleýär

Şweýsariýanyň Swatch kompaniýasy öz haryt nyşanlarynyň rugsatsyz ulanylandygy üçin Samsung kompaniýasyndan 170 million dollar jerime tölemegi talap edýär. Bu mesele boýunça häzirki wagtda Londonyň Ýokary......

25.06.2026 20:11
3.6k+

Hindi startapyny esaslandyryjy WhatsApp-a ýolbaşçylyk eder

Meta kompaniýasy WhatsApp-yň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleriň bolandygyny yglan etdi. Soňky ýedi ýylyň dowamynda messenjere ýolbaşçylyk eden Will Ketkart kompaniýanyň içinde başga bir wezipä geçýär. Täze......

24.06.2026 17:02
2.5k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

23.06.2026 22:44
5.6k+

Bugatti sport awtoulagynyň bahasyndan golf taýaklaryny satýar

Bugatti kompaniýasy «Honma» ýapon firmasy bilen bilelikde işlenip düzülen golf aksessuarlarynyň täze hataryny tanyşdyrdy. Aýratyn taýaklaryň bahasy 3200 dollardan başlanýar, iň gymmat toplumyň bahasy bolsa 72......