«Internetiň atasy» Bütindünýä toruna alternatiwa döretdi

  • 15.11.2020 15:15
  • 13k+

Bütindünýä toruny we birnäçe meşhur protokollary oýlap tapan Tim Berners-Li eýýäm birnäçe gezek bäri internetiň erkin hem-de açyk bolmalydygyny, onuň galp habarlary ýaýratmak we wagyz etmek üçin ulanylmagynyň alada goýýandygyny aýdyp gelýär.

Şunuň bilen baglylykda, ol "korporasiýalar tarapyndan ele alnan" global tora alternatiwa hökmünde, ulanyjynyň şahsy gizlinligini goramaga gönükdirilen öz açyk çykyş kodly taslamasyny hödürledi. Bu barada 4pda.ru habar berýär.
Alym tarapyndan esaslandyrylan Inrupt startapy 2017-nji ýylda döredilen "Solid" platformasynyň korporatiw wersiýasyny hödürledi. Ol iri guramalara we hökümetlere ulanyjylara şahsy onlaýn-ammarlarynda (modullarda) saklanýan maglumatlaryna gözegçilik etmäge ygtyýar berýän programmalary döretmäge mümkinçilik berýär. Oňa salgyt tölemek ýa-da saglygy goraýyş edarasy bilen aragatnaşyk saklamak ýaly belli bir işi ýerine ýetirmek üçin dürli hyzmatlar birikdirilip bilner.
Adaty web programmalaryndan, şol sanda olaryň mobil wersiýalaryndan tapawutlylykda, “Solid” bilen işleşende, programmanyň eýesi şahsy maglumatlary ulanmak üçin ulanyjydan rugsat soramaly. Zerur bolsa, ulanyjy şahsy maglumatlary paýlaşmagy bes edip, hyzmat üçin öz modulyna girişi ýapyp goýup bilýär.
Şeýle taslamalaryň ilkinjilerinden biri Angliýanyň Milli Saglyk Gullugynyň hassalaryň saglyk maglumatlaryna gözegçilik etmäge mümkinçilik berýän programmasy bolupdy.
Taslamany döredijiler, “Solid”-iň saýtlary döretmek üçin şol bir standartlara we usullara esaslanýandygyny, şonuň üçin täze görnüşdäki programmalaryň islendik brauzerde işlejekdigini bellediler. Startap iri kompaniýalaryň güýji bilen platformany mundan beýläk hem ýaýbaňlandyrmagy meýilleşdirýär.

düýn 18:43
825

Xiaomi kompaniýasy Xiaomi brendi bilen soňky birnäçe ýylda ilkinji noutbugyny tanyşdyrdy

Xiaomi kompaniýasy täze Xiaomi Book Pro 14 modeliniň tizer suratlaryny hödürledi. Bu kompaniýanyň 2023-nji ýylyň ahyrynda Xiaomi Book 14 modeli çykany bäri Xiaomi brendli ilkinji noutbugy boldy. Täze önüm ýakynda Hytaýda tanyşdyrylar...

düýn 11:30
893

Apple kompaniýasy iPhone, iPad we Mac üçin täze emojileri taýýarlaýar

Apple kompaniýasy işläp düzüjiler üçin niýetlenen iOS 26.4, iPadOS 26.4 we macOS Tahoe 26.4 beta-wersiýalaryna sekiz sany täze emoji goşdy. Bu barada MacRumors neşiri habar berýär. Täze simwollaryň arasynda trombon, hazyna sandygy, çişen ýüz keşbi, ýeti (gar adam), uruş buludy, kosatka (kit), ýer opurylmagy, şeýle hem balet tansçysy peýda boldy...

düýn 11:13
790

Microsoft Windows 11 oturan ähli enjamlara Xbox-yň doly ekran tertibini goşar

Microsoft kompaniýasy Windows 11 operasion ulgamy gurnalan ähli enjamlara doly ekranly «Xbox tertibini» goşmagy meýilleşdirýär. Bu täze aýratynlyk 2026-njy ýylyň aprelinden başlap şahsy kompýuterlerde, noutbuklarda we planşetlerde elýeterli bolar...

12.03.2026 15:27
988

YouTube mahabatyň üsti bilen iň iri telestudiýalaryň umumy girdejisinden köp gazandy

2025-nji ýylda YouTube wideo-hyzmatynyň mahabat girdejisi 40,4 milliard dollara deň boldy. Bu görkeziji Disney, NBC, Paramount we Warner Bros. Discovery ýaly kompaniýalaryň mahabatdan gazanan umumy girdejilerinden (37,8 milliard dollar) ýokarydyr...