Türkmenistanyň ilçisi Ysraýyl Döwletiniň Prezidentine ynanç hatlaryny gowşurdy

  • 13.11.2020 14:07
  • 4.4k+

Ierusalim şäheriniň Prezident köşgünde Türkmenistanyň Italiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi T.Kömekowyň Ysraýyl Döwletiniň Prezidenti Reuwen Riwline Türkmenistanyň Ysraýyl Döwletindäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi hökmünde (oturýan ýeri Rim şäheri) ynanç hatlaryny gowşurmak dabarasy geçirildi. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.

Duşuşygyň barşynda Ysraýyl Döwletiniň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan durmuşa geçirilýän oňyn bitaraplyk syýasatynyň sebit hem-de halkara derejesinde parahatçylygyň, durnuklylygyň we howpsuzlygyň ilerledilmegine ähmiýetli goşant goşýandygyny belläp geçdi.
Öz gezeginde, Ilçi T.Kömekow Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan Ysraýyl Döwletiniň Prezidentine mähirli salamyny we ýurduň ähli halkyna iň ýakymly arzuwlaryny beýan etdi. Çäräniň barşynda taraplaryň özara gyzyklanma bildirilýän ugurlar boýunça Türkmenistanyň we Ysraýylyň arasynda dostlukly gatnaşyklaryň mundan beýläk hem ilerledilmegine meýilleri tassyklanyldy.

düýn 22:59
5.4k+

«Ýo-ýo ýaly...»: Tramp dollaryň kursunyň üýtgemegine teswir berdi

​ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp dollaryň kursunyň peselmegine biynjalyk bolmaýandygy, gaýtam amerikan walýutasynyň «ýagdaýynyň gowudygy» barada aýtdy. Bu barada ol Aýýowa ştatynda, geçiriljek mitinge gatnaşmak üçin baran mahaly žurnalistlere habar berdi...

düýn 19:46
4.7k+

7 trillion dollarlyk töwekgelçilik: ýapon obligasiýalarynyň peselmegi dünýä maliýe bazarlaryna wehim salýar

Dünýäniň maliýe ulgamy Ýaponiýadan gelýän täze durnuksyzlyk bilen ýüzbe-ýüz bolýar diýip, «Bloomberg» habar berýär. Uzak wagtlap iň ygtybarly serişde hasaplanan Ýaponiýanyň 7,3 trillion dollarlyk döwlet obligasiýalar bazary häzirki wagtda global maliýe sarsgynlygynyň merkezine öwrüldi...

düýn 15:06
1.3k+

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Kanadanyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

27-nji ýanwarda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Kanadanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi  (oturýan ýeri Astana şäherinde) Kristofer Daggan bilen duşuşdy...

düýn 14:54
3.1k+

Amerikaly maşgalalar TikTok, Meta we YouTube-a garşy köpçülikleýin şikaýat arzasy bilen ýüz tutdular

​27-nji ýanwarda Los-Anjelesde amerikan maşgalalarynyň we mekdep okruglarynyň ýüzlerçesi Meta, Snap, TikTok hem-de YouTube korporasiýalaryna garşy beren köpçülikleýin şikaýat arzalary boýunça kazyýet işleri başlandy...