Türkmenistanda örtük dakmak düzgünleriniň bozulmagy üçin jerimäniň mukdary

  • 13.11.2020 17:01
  • 64k+

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň 18-nji awgustdaky buýrugyna laýyklykda, Türkmenistanyň ähli çäginde tutuş ilata degişli bolan (mekdebe çenli çagalardan başga) hökmany örtük dakynmak düzgüni girizildi. Bu çäre dünýädäki ýaramaz epidemiologik ýagdaý bilen baglanyşykly kabul edildi.

Örtük dakynmak düzgüniniň äsgerilmedik we gorag örtügini dakmagyň düzgünleriniň bozulan ýagdaýynda Administratiw hukuk bozulmalary hakynda Kodekse laýyklykda, raýatlara binýatlyk möçberiň bäş essesine çenli, ýagny 500 manada çenli möçberde jerime salynýar diýip, ORIENT habar berýär. Agentligiň şeýle hem bellemegine görä, örtük dakmak düzgünlerini bozýanlara häzir 21 manat jerime salynýar.
Örtük dakmak düzgünini bozan adam ýüze çykarylanda, Içeri işler ministrliginiň işgärleri ilkinji gezek duýduryş bermek bilen çäklenmäge synanyşýarlar.
Ýöne düzgün bozma gaýtalanan ýagdaýynda Administratiw hukuk bozulmalary hakynda Kodeksiň 78-nji maddasynyň 1-nji bölümine laýyklykda, administratiw jogapkärçiligine çekilýär. Şeýlelik bilen, “sanitariýa we arassaçylyk kadalaryny hem-de düzgünlerini öz içine alýan Türkmenistanyň sanitariýa kanunçylygyny bozmak, sanitar epidemiologiýa garşy (öňüni alyş) we sanitariýa-arassaçylyk çärelerini berjaý etmezlik, eger-de bu sanitariýa düzgün bozulmasyna getirse, binýatlyk möçberden bäş essesine çenli jerime salynmagyna sebäp bolýar”.
Şunuň bilen birlikde, örtügi ýönekeý eňegiňe ýetirmegiň ýa-da onuň bilen diňe agzyňy ýapmagyň ýeterlik däldigini ýatdan çykarmaly däl. Örtügi agzy we burny ýapar ýaly, açyk ýer galdyrman ýüzde berk durar ýaly edip dakmaly. Örtük hökmany ýagdaýda burnuň üstüne jebis gysylmaly.
Örtügiň nädogry dakylmagy ony dakmazlyk bilen deň derejelidir.
Örtügi dakynmak, esasan, adamlaryň toplanan ýerlerinde, meselem, dükanlarda we jemgyýetçilik ulaglarynda hökmanydyr.
Raýatlara raýat jogapkärçiligini berjaý edip, häzirki ýagdaýda howply ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňüni almaklygyň esasy wezipedigine düşünmek maslahat berilýär.
Dünýä alymlary tarapyndan howply ýokanç keselleriň howa-damja ýoly bilen geçýändigi we hiç hili alamatlary bolmadyk adamyň ony göteriji bolup bilýändigi, beýleki adamlarda bolsa bu keseliň düýpli kynçylygyň sebäbi bolup biljekdigi öň tassyklanyldy.

Şeýle hem okap bilersiňiz:

düýn 16:05
3.6k+

«Günüň we Suwuň çagalary» türkmen filmi Astanadaky kinofestiwalyň baýragyny aldy

Türkmen režissýory Bekdurdy Amansaryýewiň «Günüň we Suwuň çagalary» atly dokumental filmi «Astana Eco Film Festival» kinofestiwalynda tomaşaçylaryň gyzyklanmasy boýunça ýörite baýraga mynasyp boldy. Bu çäre......

düýn 13:51
2k+

Serdar Berdimuhamedow atşynaslary we türkmen halkyny bedew baýramy bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow türkmen halkyny we atşynaslary Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen gutlady. Gutlagyň teksti 26-njy aprelde Türkmenistanyň resmi metbugatynda çap edildi....

düýn 13:48
8.4k+

Atlaryň arasyndaky gözellik bäsleşiginiň ýeňijisine «Toyota Fortuner» awtomobili berildi

«Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» halkara bäsleşiginiň ýeňijisi yglan edildi. «2026-njy ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» diýen ada Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli bolan, mele......

düýn 13:44
2.9k+

Türkmenistanyň Prezidenti Milli bedew baýramy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşdy

25-nji aprelde Aşgabat atçylyk sport toplumynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralar geçirildi. Bu barada «TDH» döwlet habarlar agentligi habar......