Türkmenistanda möwsümleýin ýokanç keselleriň öňüni almak boýunça wagtlaýyn hökmany çäreler girizildi

  • 20.08.2020 15:06
  • 34k+

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan ilatyň arasynda möwsümleýin ýokanç keselleriň öňüni almak boýunça wagtlaýyn hökmany çäreleri girizmegiň tertibi tassyklanyldy. Bu barada Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň resmi web saýtynda habar berilýär.

Saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň Buýrugynda nygtalyşy ýaly, Türkmenistanyň Sanitariýa kodeksiniň 17-nji maddasyna laýyklykda, ýurtda möwsümleýin ýokanç keselleri bilen bagly öňüni alyş çärelerini güýçlendirmek, raýatlaryň bu ugurda medeniýetliligini, jogapkärçiligini ýokarlandyrmak, şeýle hem Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň 2020-nji ýylyň 16-njy awgustynda geçiren mejlisinde kabul edilen çözgütleri ýerine ýetirmek we ilatyň arasynda keselleriň öňüni almak boýunça wagtlaýyn hökmany çäreleri girizmek bellenildi.
Şoňa laýyklykda, ýurtda ilatyň arasynda möwsümleýin ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen, epidemiýa garşy sanitariýa (öňüni alyş) çäresi hökmünde ähli adamlar (mekdebe çenli ýaşly çagalar muňa degişli däldir) tarapyndan köpçülikleýin ýerlerde (eýeçiligiň görnüşine garamazdan ähli edara-kärhanalarda, menzillerde, söwda merkezlerinde, bazarlarda, dükanlarda, köçelerde we şuňa meňzeş beýleki köpçülikleýin ýerlerde) bolanlarynda, şeýle hem ulaglaryň ähli görnüşlerinde gatnalanda agyz-burun örtükleriniň dakynylmagynyň hökmanylygyny wagtlaýyn girizmek; degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde, şu Buýrugyň birinji böleginde bellenen çäreler barada metbugatda we beýleki köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden wagyz-nesihat işlerini geçirmek; Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň orunbasary, Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň başlygynyň ýurtda epidemiýa garşy sanitariýa (öňüni alyş) çäreleriniň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmegi tabşyryldy.
Şeýle-de bu Buýrugyň Türkmenistanyň Adalat ministrliginde döwlet belligine alnan gününden herekete girizilýändigi bellenilýär. Bu Buýruk 18-nji awgustda Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan 1371 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alyndy.

Şeýle hem okap bilersiňiz:

şu gün 16:56
2.2k+

Duýdansyz açyş: süýjüli diabetiň dermany garry adamlaryň gözüni goraýar

Süýjüli diabet keselinde ulanylýan metformin dermanynyň garaşylmadyk tarapdan peýdasynyň ýüze çykmagy köpleri begendirdi....

28.03.2026 15:46
3.5k+

Alymlar: gan basyşlaryň arasyndaky uly tapawut demensiýanyň yşaratydyr

Amerikanyň Kardiologiýa kollejiniň ýyllyk ylmy maslahatynda hödürlenen täze barlaglaryň birinde ýokarky we aşaky gan basyşyň arasyndaky uly tapawudyň huşsuzlygyň ýüze çykmak howpuny döredýändigi hakynda......

26.03.2026 17:24
11k+

Stomatolog diş çüýremesiniň ötüşdirilmeginiň getirýän netijelerini düşündirdi

W.I.Razumowskiý adyndaky Saratow döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň diş lukmany Wiktoriýa Morgunowa wagtynda bejerdilmedik diş çüýremesiniň dişiň berbat bolmagyna we çynlakaý gaýraüzülmelere sebäp bolup......

25.03.2026 15:13
2.3k+

Ýapon alymlary ýetginjeklerde köp duşýan täze görnüşli leýkozyň üstüni açdylar

Ýapon alymlary gan düwnük keseliniň esasan ýetginjeklerde has köp duşýan täze we howply görnüşini tapdylar. Bu barada Ýaponiýanyň Milli onkologiýa merkeziniň ylmy-barlag toparynyň ýolbaşçysy Keniti Ýosida habar berdi...