Ýapon alymlary wirusyň nädip ýaýraýandygyny görkezdiler

  • 26.10.2020 14:08
  • 37k+

Örtük indi bütin dünýäde adamlar üçin adaty bir zada öwrüldi: olar koronawirusyň ýaýramagyna belli bir derejede böwet bolýar diýlip hasaplanylýar. Ýöne howpuň göze görünmeýänligi sebäpli, örtügiň wirusdan nädip goraýandygyny göz öňüne getirmek kyn.

Euronews agentliginiň habar bermegine görä, ýapon alymlaryndan ybarat topar wirus bölejikleriniň adam örtüksiz gürlänindäki, aýdym aýdandaky ýa-da üsgürendäki hereketini modelirlemek we görkezmek üçin Fugaku superkompýuterini ulandy.

"Eger-de biz wirusyň nädip ýaýraýandygyny açyk görkezsek we ony bütin dünýä bilen paýlaşsak, belki adamlar howpuň çynlakaýlygyny özbaşdak göz ýetirip bilerler we nähili çäreleri görüp boljakdygy hakynda ylmy taýdan pikir edip bilerler" - diýip, gözleg toparynyň ýolbaşçysy professor Makoto Tsubokura aýtdy.

Gözlegleriň netijesi howanyň çyglylygynyň ýokary bolmagynyň aerozol bölejikleriniň sanynyň köpelmegine sebäp bolýandygyny görkezdi. Alymlar dürli gorag enjamlarynyň içinde, dogry ulanylanda, örtükler has täsirli diýen netijä geldiler. Şonuň bilen birlikde, sosial aralygy saklamagyň netijeliligi hem bellendi. Synaglar uly wirus bölejikleriniň wirusly adamyň golaýynda ýere gaçýandygyny we uzaga uçup bilmeýändigini görkezdi.

düýn 18:52
1.8k+

Alymlar ýokary derejeli Gün partlamasyny hasaba aldylar

30-njy mart güni irden Günde ýokary derejeli X klasly partlama hasaba alyndy. Bu iki aýa golaý wagtyň içinde ilkinji gezek ýüze çykan şeýle hadysadyr....

düýn 10:56
2.5k+

Hytaýyň bir startapy kosmosda ýangyç doldurmaga niýetlenen “çeýe goly” synagdan geçirdi

Hytaýyň kosmos kompaniýasy orbitada çeýe robot goluny synagdan geçirdi. Bu işläp düzme kosmos gämilerine ýangyç guýmak we hyzmat etmek üçin niýetlenendir....

29.03.2026 15:30
2.8k+

Kosmosdaky Solar Orbiter apparaty birnäçe günläp Günüň birbada iki tarapyny hem synlamaga mümkinçilik berer

Ýewropa kosmos agentligine degişli bolan "Solar Orbiter" kosmos apparaty Ýeriň garşysynda ýerleşýän orbitadaky nokadyny eýeledi. Bu ýagdaý Günüň hem Ýerden görünýän tarapyny, hem-de onuň arka tarapyny bir......

28.03.2026 10:21
1.5k+

“Habbl” we “Jeýms Webb” Saturnyň iň detally "portretini" döretdiler

Astronomlar “Habbl” we “Jeýms Webb” teleskoplaryndan alnan maglumatlary birleşdirip, Saturnyň iň detally şekilini aldylar diýip, Space.com neşiri ýazýar....