Hytaýyň täze lazerli enjamy çybynlary üç millisekuntda ýok edýär

  • 09.07.2025 13:33
  • 10k+

Hytaýda Photon Matrix atly enjam döredildi. Bu enjam çybynlary üç millisekundyň dowamynda tapyp, aralygy kesgitläp, lazer arkaly ýok edýär diýip, «New Atlas» neşiri habar berýär.

Işläp düzüjileriň maglumatlaryna görä, enjam bir sekuntda 30-a çenli çybyny ýok edip bilýär. Ulgam adamlar ýa-da öý haýwanlary ýaly uly jandarlary tapawutlandyrmak üçin millimetrlik radardan peýdalanýar. Lazer olary awtomatiki usulda tanaýar, bu bolsa tötänleýin zyýan ýetirmek howpuny peseldýär.
Şol bir wagtyň özünde, Photon Matrix sekuntda bir metrden çalt hereket edýän mör-möjekleri görüp bilmeýär. Bu bolsa enjamyň siňek ýaly has çalt uçýan zyýan berijilere garşy täsirli däldigini görkezýär.
Enjam diwar rozetkasyna birikdirilip işledilýär ýa-da goşmaça daşarky batareýadan güýç alýar. Modeline baglylykda, bir gezeklik zarýad bilen 8 ýa-da 16 sagatlap işläp bilýär.


11.06.2026 23:52
8.7k+

Hytaýda dünýäniň iň beýik minara krany guruldy

Hytaýyň Zoomlion kompaniýasy dünýäde iň beýik minara kran bolan LW3600-240NB-i döretdi. Bu tehnika örän beýik we agyr ýel generatorlaryny gurnamak üçin niýetlenilip, agramy 240 tonna çenli bolan ýükleri 241......

07.06.2026 20:08
5k+

Hytaý her bir adampisint roboty hasaba goýýar

Hytaýyň häkimiýetleri ähli adampisint robotlary hökmany suratda hasaba almagy we olaryň hersine üýtgeşik şahsy hasap belgisini bermegi göz öňünde tutýar....

28.05.2026 17:08
6.1k+

Hytaýda hasyl ýygymy ynanylan robot işini 90% netije bilen ýerine ýetirdi

Hytaýyň Szýansu şäheriniň Nantun welaýatynda täze nohut hasylyny ýygnamaga niýetlenilen robotyň şowly meýdan synaglary geçirildi....

28.05.2026 12:29
2.1k+

Hytaýda bir wagtyň özünde galyndylardan wodorod almagyň we CO2-ni siňdirmegiň usuly oýlanyp tapyldy

Hytaýly alymlar fermentasiýa arkaly biowodorod öndürmegiň geljegi uly tehnologiýasyny hödürlediler, bu bolsa bir wagtyň özünde iki möhüm meseläni çözýär: arassa ýangyç öndürmek we uglerod dioksidini gaýtadan......