Alibabanyň girdejisi “Sallahyň gününde” 56 milliard dollardan geçdi

  • 12.11.2020 14:05
  • 10k+

Adatça Hytaýda köpçülikleýin satuw bilen bellenýän “Sallahlar gününde” Alibaba Group internet meýdançasynda (Taobao.com, Tmall, Alibaba.com we beýlekiler) satuw 372,3 mlrd ýuandan ($56 mlrd) geçdi. Bu barada kommersant.ru habar berýär. Eger-de aksiýa hemişekisi ýaly diňe 11-nji noýabrda geçen bolsa, bu kompaniýa üçin rekord bolardy. Ýöne bu ýylda onlaýn-riteýler ony 1-nji noýabrdan 12-nji noýabra çenli geçirmek kararyna geldi, ýokarda görkezilen mukdar bolsa 11 günüň dowamyndaky satuwyň netijesi.

Kompaniýa şu güne çenli 13 brendiň satylan harytlarynyň 1 mlrd ýuan çäginden (151,4 mln dollar) geçendigini belleýär. Ýene 342 brend önümlerini 100 mln ýuandan (takmynan, 15 mln dollar) gowrak satdylar. Alibaba internet meýdançasyndaky daşary ýurtly alyjylaryň köpüsi ABŞ-dan, Russiýadan we Fransiýadan.
Güýçli satuw hasabatyna garamazdan, Alibabanyň paýnamalarynyň bahasy şu gün 9,8% pese gaçdy. Bu Bazary kadalaşdyrmak boýunça döwlet edarasy (SAMR) tarapyndan Hytaýyň internet-kompaniýalary üçin monopoliýa garşy täze talaplaryň taslamasynyň neşir edilmegi bilen baglanyşyklydyr.
Hytaýda “Sallahlar güni” ýa-da “Bütindünýä söwda güni” hökmünde tanalýan satuw güni 2009-njy ýyldan bäri Alibaba internet meýdançasynda 11-nji noýabrda geçirilýär. Bu günde 24 sagadyň dowamynda dükanlar kompaniýanyň ähli onlaýn söwda meýdançalarynda bahalary ep-esli arzanladýarlar.
2019-njy ýylda Alibaba tarapyndan gurnalan global satuw täze rekordy goýdy: gatnaşyjy kompaniýalaryň umumy satuw mukdary 268,4 mlrd ýuana ($38,4 mlrd töweregi) barabar boldy, bu 2018-nji ýyldaky görkezijiden 26% köpdür.

düýn 20:25
2.1k+

Swatch akylly sagatlardaky siferblatlar sebäpli Samsung-dan 170 million dollar isleýär

Şweýsariýanyň Swatch kompaniýasy öz haryt nyşanlarynyň rugsatsyz ulanylandygy üçin Samsung kompaniýasyndan 170 million dollar jerime tölemegi talap edýär. Bu mesele boýunça häzirki wagtda Londonyň Ýokary......

25.06.2026 20:11
3.6k+

Hindi startapyny esaslandyryjy WhatsApp-a ýolbaşçylyk eder

Meta kompaniýasy WhatsApp-yň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleriň bolandygyny yglan etdi. Soňky ýedi ýylyň dowamynda messenjere ýolbaşçylyk eden Will Ketkart kompaniýanyň içinde başga bir wezipä geçýär. Täze......

24.06.2026 17:02
2.5k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

23.06.2026 22:44
5.6k+

Bugatti sport awtoulagynyň bahasyndan golf taýaklaryny satýar

Bugatti kompaniýasy «Honma» ýapon firmasy bilen bilelikde işlenip düzülen golf aksessuarlarynyň täze hataryny tanyşdyrdy. Aýratyn taýaklaryň bahasy 3200 dollardan başlanýar, iň gymmat toplumyň bahasy bolsa 72......