ABŞ-da wakuum otlusy synagdan geçirildi

  • 11.11.2020 13:29
  • 11k+

Ilon Maskyň döreden «Hyperloop» wakuum otlusy geçen dynç güni ilkinji gezek hakyky ýolagçylar bilen synag edildi, otlynyň tizligi sagatda 160 kilometre ýetdi. Bu barada The Verge neşirine salgylanyp, Sputnik gullugy habar berýär.

"Ilkinji gezek iki adam sagatda 100 mil (sagatda 160 km - Red.) tizlik bilen howasyz diýen ýaly turba arkaly «Hyperloopda» gitdi" -diýlip, habarda aýdylýar.

The Verge habar gullugynyň maglumatyna görä, otlynyň öndürijisi wakuum otlynyň ozal 400-den gowrak gezek synag edilip görlendigini aýdýar.
Ýolagçylar iki sanydy - “Hyperloopyň” tehniki direktory hem-de esaslandyryjysy Joş Gigel we ýolagçylara hyzmat ediş bölüminiň başlygy Sara Luçian. Ilkinji synagçylar "Pegasus" atly kapsulada ýerleşdirildi, şondan soň kapsula howa gämisine geçirildi, ýapyk vakuum turbasynyň içindäki howa aýryldy. "Pegasus" sagatda 160 kilometr tizlik bilen ýöredi - bu tizlik bilen otly 500 metr uzynlygyndaky tunelden geçdi.
Geljegiň ulagy, köp bolanda, 28 ýolagça niýetleniler. Olara
«Hyperloopda» hereket etmek üçin ýörite kostýumlar gerek bolmaz.
Taslamanyň esaslandyryjysy Ilon Mask 2012-nji ýylda aerodinamik alýumin kapsulalaryň awialaýneriň tizliginde (sagatda 1200 kilometre çenli) howasyz turba arkaly hereket edip biljekdigini aýtdy. Maskyň pikirine görä, bu turbalar şäherleriň arasynda gurlup bilner. Meşhur inžener muny "ulaglaryň bäşinji usuly" diýip atlandyrdy we Los Anjelesden San-Fransisko çenli şeýle otluda bary-ýogy 30 minudyň gerek boljakdygyny aýtdy. Bu pikir dünýädäki inženerleriň we maýadarlaryň ünsüni özüne çekdi.

05.06.2026 23:49
2.3k+

“Kasperskiniň laboratoriýasy” öz operasion ulgamy bolan smartfonyň üstünde işleýär

“Kasperskiniň laboratoriýasy” öz operasion ulgamy bolan howpsuz smartfony işläp düzýär. Kompaniýanyň baş direktory Ýewgeniý Kasperskiý täze enjam barada Sankt-Peterburg halkara ykdysady forumynda yglan etdi....

05.06.2026 19:21
5.2k+

EA agentleri wirtual Nýu-Ýorkda «ýaşap gördi»: olar özüni nähili alyp barandyr öýdýäňiz?

Emergence AI startap kompaniýasy belli emeli aň modellerini 15 günüň dowamynda Nýu-Ýorkuň wirtual nusgasyna ýerleşdirip, täsin bir tejribe geçirdi. Hünärmenler adam gözegçiligi bolmadyk ýagdaýynda emeli aň......

03.06.2026 23:06
1k+

OpenAI-den öňürtdi: Anthropic paýnamalaryny biržada ýerleşdirmek üçin arza berdi

Claude emeli aň modelini işläp düzüji Anthropic amerikan kompaniýasy paýnamalaryny ilkinji gezek köpçülige hödürlemek (IPO) boýunça resmi arza ýollady. Bu barada kompaniýanyň özi habar berdi....

03.06.2026 10:42
978

Nvidia we Unitree ynsanpisint robotlar üçin nusgalyk platformany tanyşdyrdylar

Nvidia we Unitree kompaniýalary ynsanpisint robotlary we olaryň programma üpjünçiligini döredijiler üçin Isaac GR00T diýlip atlandyrylýan nusgalyk platformany tanyşdyrdylar....