2020-nji ýylyň iň ýörgünli sözi

  • 10.11.2020 20:18
  • 22k+

Iňlis diliniň sözlügi bolan Collins "milliardlarça adamyň umumy tejribesini" özünde jemleýän "lockdown" sözüni 2020-nji ýylyň sözi diýip saýlady. Bu barada INTERFAX.RU habar berýär.

"Lockdown" sözi "syýahata, jemgyýetçilik gatnaşyklaryna we köpçülik ýerlerine barmaga berk çäklendirmeleriň girizilmegi" hökmünde kesgitlenilýär. Leksikograflar bu sözüň pandemiýa şertlerinde ulanylyş ýygylygynyň düýpgöter ýokarlanandygyny, ýagny 250 müň gezekden gowrak ulanylandygyny hasaba aldylar, bu bolsa geçen ýylda bellige alnan 4,000 hadysadan ep-esli ýokarydyr.
Sözlügiň düzüjileri bu sözüň agyr bogunlarynyň ýylyň iň gorkunç ýagdaýyny aňladýandygyny belleýärler. Olar adaty jemgyýetçilik durmuşyny emele getirýän hemme zat diýen ýaly togtadylanda, lokdaun ýagdaýyny milli durgunlyk bilen deňeşdirýärler.
"Lokdaundan" başga-da, ýylyň iň gowy 10 sözüne "aýlyksyz zähmet rugsady" ("furlough"), "işde hökman bolmaly işgär" ("key worker"), "öz-özüňi izolýasiýa etmek", "sosial aralyk" we "koronawirus" sözleri degişli edildi.
Pandemiýa degişli däl sözleriň hataryna ilkinji onluga "Megxit" (şazada Garriniň we aýaly Meganyň şa maşgalasyndan çykmagyny aňladýan, Breksit ýaly söz), "BLM" (jynsparazlyga garşy hereketiň ady - Black Lives Matter), "TikToker" "(TikTok platformasynyň ulanyjysy) we "mukbang" ("mokpan", wideoblogeriň gabanyp otyrka tomaşaçylar bilen habarlaşýan ýaýlymy) sözleri girdi.
Collins 2019-njy ýylda “Howa topalaňy”, 2017-nji ýylda bolsa "feýk-nýus" sözlerini ýylyň sözi diýip atlandyrypdy.

şu gün 00:07
1.8k+

Ýewropadaky yssy howa kondisionerlere bolan islegi rekord derejä ýetirdi

Ýewropa yklymyndaky aşa gyzgyn howa şertleri sowadyş ulgamlaryna bolan islegiň birden ýokarlanmagyna sebäp boldy. Bu ýagdaý Samsung Electronics, Midea we Mitsubishi Electric ýaly Aziýanyň öňdebaryjy......

şu gün 00:03
1.2k+

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

düýn 23:56
2.8k+

Ak tam daşary ýurtlulara gaçybatalga bermegiň doly bes edilýändigini mälim etdi

ABŞ-nyň administrasiýasy daşary ýurt raýatlaryna gaçybatalga bermegini bütinleý bes edýändigini yglan etdi. Bu barada geçirilen brifingde Ak tamyň işgärler apparatynyň ýolbaşçysynyň orunbasary Stiwen Miller......

düýn 23:53
1.8k+

Korol Karl III Bukingem köşgüne dolanmakdan ýüz dönderdi

Beýik Britaniýanyň koroly Karl III we şa zenany Kamilla Bukingem köşgüniň abatlaýyş işleri doly tamamlanyp, taýyn bolandan soň hem ol ýerde ýaşamazlar. Bu barada The Daily Beast neşiri habar berýär....