Söwda-senagat edarasy elektron resminamalar dolanyşygyna geçer

  • 04.11.2020 15:17
  • 5.2k+

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy elektron resminamalar dolanyşygy ulgamyna geçer. Häzirki wagtda gurama ulgamy işe girizmek üçin hyzmatdaş gözleýär. Bu barada ýerli habar beriş serişdelerine salgylanyp, ORIENT habar berýär.

Awtomatlaşdyrylan resminama dolanyşygy ulgamyny guramak Söwda-senagat edarasyna daşary ýurtly we milli müşderiler bilen aragatnaşyk saklamak işini kämilleşdirmäge, şeýle hem uly forumlar geçirilende guramaçylyk meselelerini utgaşdyrmak işini ýönekeýleşdirmäge mümkinçilik berer.
Mundan başga-da, Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi we Türkmenbaşy nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy (TKNPZ) ýaly döwlet senagat edaralarynyň hem sanly resminamalara geçip başlandygy habar berildi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň fewral aýynda kabul eden kararyna laýyklykda, ýurduň ähli edaralary we guramalary 2021-nji ýylyň ýanwaryna çenli elektron resminamalar dolanyşygy ulgamyna geçer. Ulgamyň işe girizilmegi we işlemegi "Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda" Türkmenistanyň Kanunyna laýyk geler.

şu gün 00:18
408

«Roskosmos» 2036-njy ýyla çenli Aýda atom elektrik stansiýasyny gurmagy meýilleşdirýär

«Roskosmos» 2036-njy ýyla çenli Aýda atom elektrik stansiýasyny (AES) döretmegi meýilleşdirýär. Bu wezipe Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň kosmos işi ulgamyndaky döwlet syýasatynyň esaslary baradaky......

düýn 20:31
2.4k+

Rekord derejeli magnit tupany Ýeriň öz goragyny nädip gowşadýandygyna düşünmäge kömek etdi

2024-nji ýylyň maýynda planeta inen we soňky ýigrimi ýylda iň güýçlüsi bolan magnit tupany ýaponiýaly fiziklere möhüm açyş etmäge kömek etdi. Alymlar geomagnit tolgunmalary wagtynda Ýeriň tebigy magnit......

27.06.2026 10:53
2k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

27.06.2026 09:54
5k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....