Aşgabatda iň arassa mekdep we çagalar bagy bäsleşigi başlandy

  • 01.11.2020 20:55
  • 11k+

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan yglan edilen Aşgabadyň iň arassa mekdebi we çagalar bagy bäsleşigi başlandy. Bäsleşik dünýäde dowam edýän koronawirus pandemiýasy döwründe has möhüm bolan arassaçylyk we şahsy gigiýena düzgünleriniň berk berjaý edilmegine bilim edaralarynyň okuwçylarynyň we işgärleriniň ünsüni çekmegi maksat edinýär diýip, ORIENT habar berýär.

Bäsleşige gatnaşyjylara 15 görkeziji, şol sanda lukmançylyk merkezleriniň iş şertleri, wirus ýokanjynyň ýaýramagyna garşy öňüni alyş çäreleriniň berjaý edilişi, dezinfeksiýa çäreleriniň geçiriliş derejesi we beýlekiler boýunça baha berler.
Şäher häkimligi we paýtagtyň etrap administrasiýalary, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Döwlet sanitariýa we epidemiologiýa gullugy bäsleşigiň geçirilmegine ýardam berer. Bu gurluşlaryň wekilleri bäsleşige gatnaşyjylara on bal şkala boýunça baha bererler.
Bäsleşik iki tapgyrda – etrap we şäher derejesinde geçiriler. Birinji tapgyr noýabryň ilkinji ongünlüginde, ikinji tapgyr şol aýyň soňky ongünlüginde geçiriler.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň mekdeplerinde we çagalar baglarynda wirus ýokanjynyň ýaýramagynyň öňüni almaga gönükdirilen ýörite düzgünler hereket edýär. Synp otaglarynda iş stollarynyň arasynda 2 metr aralyk goýuldy. Sapaklaryň dowamlylygy gysgaldyldy, arakesme wagtynda synp otaglarynda dezinfeksiýa serişdeleri bilen arassalama işleri geçirilýär.
Bilim edaralaryna girmezden öň gelýän adamlaryň we okuwçylaryň temperaturasy ölçenilýär, elleri dezinfeksiýa edilýär. Bilim edarasynyň çägine diňe gorag lukmançylyk örtügi bilen girmäge rugsat berilýär.

şu gün 10:00
161

Germaniýada ilat köpçülikleýin Gün panellerinden ýüz öwrüp, kollektorlara geçýär

Germaniýada suwy gyzdyrmak we jaýlary ýylatmak üçin niýetlenen Gün kollektorlaryna bolan isleg barha artýar. Hünärmenleriň çykaran netijelerine görä, bu enjamlaryň Gün energiýasyny ýylylyga öwürmekdäki......

şu gün 00:07
2k+

Ýewropadaky yssy howa kondisionerlere bolan islegi rekord derejä ýetirdi

Ýewropa yklymyndaky aşa gyzgyn howa şertleri sowadyş ulgamlaryna bolan islegiň birden ýokarlanmagyna sebäp boldy. Bu ýagdaý Samsung Electronics, Midea we Mitsubishi Electric ýaly Aziýanyň öňdebaryjy......

şu gün 00:03
1.5k+

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

düýn 23:56
3.3k+

Ak tam daşary ýurtlulara gaçybatalga bermegiň doly bes edilýändigini mälim etdi

ABŞ-nyň administrasiýasy daşary ýurt raýatlaryna gaçybatalga bermegini bütinleý bes edýändigini yglan etdi. Bu barada geçirilen brifingde Ak tamyň işgärler apparatynyň ýolbaşçysynyň orunbasary Stiwen Miller......