HPG-niň wekilleri bilen sebit ykdysadyýetini ösdürmegiň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy

  • 19.10.2020 23:51
  • 3.2k+

Şu gün Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde göni aragatnaşyk arkaly Halkara pul gaznasynyň “Sebit ykdysadyýetini ösdürmegiň mümkinçilikleri: Ýakyn Gündogar we Merkezi Aziýa” atly tanyşdyryş çäresi boldy.

HPG-niň wekilleriniň belleýşi ýaly, esasy pudaklary ýeterlik serişdeler bilen üpjün etmek hem-de goldaw bermek maksatnamasynyň ugurlaryny dogry kesgitlemek ilkinji nobatdaky wezipeler bolup durýar. Ýakyn geljekde iş orunlaryny saklamak, kompaniýalara we öý hojalyklaryna maliýe goldawyny bermek, üpjünçiligi pes adamlary goramak hem-de ykdysadyýeti dikeltmek üçin hereket etmegiň jikme-jik meýilnamasyny döretmek çärelerini dowam etmegiň zerurdygy nygtaldy.
Şunda Türkmenistanda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Karary bilen tassyklanan we häzirki wagtda işjeň durmuşa geçirilýän koronawirus pandemiýasyna garşy göreşmek boýunça dessin durmuş-ykdysady çäreleriň meýilnamasynyň ähmiýetini bellemek gerek.

düýn 19:38
2.3k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.1k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

düýn 11:05
3.5k+

Bütindünýä bankynyň hasabaty: 2035-nji ýyla çenli ýaşlaryň 1,2 milliardy zähmet bazaryna geler

Bütindünýä bankynyň «Gyzgalaňly iş üpjünçiligi meselesi» atly hasabatyna görä, ýakyn onlarça dowamynda ösüp barýan ýurtlar öň görülmedik synag bilen ýüzbe-ýüz bolarlar: takmynan 1,2 milliard ýaş nesil zähmet......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......