Türkmenistan, Owganystan we ABŞ üçtaraplaýyn duşuşyk geçirdi

  • 09.10.2020 17:00
  • 6.4k+

Türkmenistan — Owganystan — ABŞ formatynda üç ýurduň daşary syýasat edaralarynyň derejesinde wideoaragatnaşyk arkaly birinji duşuşyk geçirildi.

Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, duşuşyga Türkmenistanyň daşary işler ministri, ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň syýasy meseleler boýunça orunbasary we Owganystan Yslam Respublikasynyň daşary işler ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji gatnaşdylar.
Duşuşygyň barşynda Owganystana ýardam bermek hem-de bu ýurtda köpýyllyk ýaragly çaknyşyklaryň bes edilmegine we parahatçylygyň ýola goýulmagyna gönükdirilen owganara gepleşikleriň ilerledilmegine aýratyn üns berildi.
Duşuşykda howpsuzlyk meseleleri boýunça Türkmenistanyň nukdaýnazary-da beýan edildi.
Beýleki meseleleriň hatarynda zenanlaryň deňhukuklylygyna we olaryň ykdysady hukuklarynyň hem-de mümkinçilikleriniň giňeldilmegine ýardam edýän durmuş häsiýetli derwaýys meselelere garaldy. Taraplar Söwda we maýa goýum boýunça ABŞ-nyň hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky degişli Ylalaşyga (TIFA) laýyklykda, gümrük we beýleki amallaryň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagy arkaly Owganystanyň, Türkmenistanyň, ABŞ-nyň we Merkezi Aziýa sebitiniň arasynda söwda gatnaşyklaryny ösdürmegiň mümkinçiliklerine hem seretdiler.
Pandemiýa we ony ýeňip geçmek bilen baglanyşykly jemgyýetçilik saglygy goraýyş ulgamyndaky çylşyrymly ýagdaýlara garşy göreşmek boýunça hereketleriň utgaşdyrylmagy bilen bir hatarda, ynsanperwer hyzmatdaşlygyň giňeldilmeginiň mümkinçilikleri barada gürrüň edildi.
Taraplar Merkezi Aziýa sebitinde parahatçylygy, howpsuzlygy we ykdysady ösüşi üpjün etmek maksady bilen, gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin netijeli hyzmatdaşlygyň dowam etdirilmegi babatda ylalaşdylar. Gepleşikleriň jemleri boýunça Bilelikdäki beýannama gol çekildi.

düýn 19:01
1.2k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

düýn 18:54
4.3k+

Nvidia bazar bahasy 5,5 trillion dollara ýeten taryhda ilkinji kompaniýa boldy

Nvidia bazar bahasyny (kapitalizasiýasyny) 5,5 trillion dollardan geçiren taryhda ilkinji jemgyýetçilik kompaniýasy boldy....

13.05.2026 22:54
2k+

Misiň dünýä bazaryndaky nyrhy önümçilikdäki bökdençlikler sebäpli gymmatlaýar

Dünýä bazarlarynda misiň bahasy bir tonna üçin 14 000 dollardan geçip, taryhy iň ýokary derejesine golaýlady. Bloomberg agentliginiň habar berşi ýaly, nyrhlaryň beýle çalt ýokarlanmagyna magdan känlerindäki......

13.05.2026 22:49
5.6k+

Narendra Modi hindistanlylary bir ýyllap altyn satyn almazlyga çagyrdy

Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi halka ýüzlenip, iň bolmanda bir ýyl möhlet bilen altyn satyn almakdan saklanmaga çagyrdy. Hökümet baştutanynyň pikiriçe, bu çäre dünýä ykdysadyýetindäki durnuksyzlyk......