Dünýädäki iň baý adamlaryň baýlygy üç ýylda 10,2 trln dollara ýetdi

  • 09.10.2020 02:00
  • 9.9k+

Dünýädäki milliarderleriň umumy baýlygy 10,2 trln dollara ýetdi. Bu 2017-nji ýyldan bäri täze rekord diýlip, PwC konsalting kompaniýasynyň hasabatynda aýdylýar. Bu barada TASS habar berýär.

“2020-nji ýylyň iýulynyň ahyrynda milliarderleriň umumy baýlygy 10,2 trln dollara ýetdi. Bu dereje 2017-nji ýylyň ahyrynda gazanylan 8,9 trln dollarlyk derejeden (ösüş 19,1%) ýokarydyr. Häzirki wagtda 2017-nji ýyldaky 2158 bilen deňeşdirilende, 2189 milliarder hasaba alynýar” – diýlip, materialda aýdylýar.

2019-njy ýylyň ahyrynda milliarderleriň baýlygy 8 trln dollara, 2018-nji ýylyň ahyrynda 8,5 trln dollara barabardy.
2018-nji ýyldan bäri IT-pudagynda işleýän milliarderleriň umumy baýlygy 42,5% ýokarlanyp, 1,8 trln dollara ýetdi, muňa tehnologiýa kompaniýalaryň paýnamalarynyň düýpli ýokarlanmagy ýardam etdi. Saglygy goraýyş pudagynda milliarderleriň umumy baýlygy 50,3% ýokarlanyp, 658,6 trln dollara ýetdi.
Pandemiýa garşy göreşmek üçin 209 milliarder maliýe kömegine, senagat harytlaryna we enjamlara hem-de beýleki serişdelere $7,2 mlrd sarp etdiler.
2020-nji ýylyň ilkinji aýlarynda pandemiýa dünýä ykdysadyýetiniň ösüşini ep-esli gowşatdy. Fewral we mart aýlarynda birnäçe hepdäniň dowamynda milliarderleriň baýlygy 2019-njy ýyl we 2020-nji ýylyň başy bilen deňeşdirilende, $564 trln ýa-da 6,6% azaldy, 2020-nji ýylyň 7-nji aprelinde $8 trilliona ýetdi. Milliarderleriň sany 43 san, ýagny 2058-e çenli azaldy.

düýn 20:25
2.1k+

Swatch akylly sagatlardaky siferblatlar sebäpli Samsung-dan 170 million dollar isleýär

Şweýsariýanyň Swatch kompaniýasy öz haryt nyşanlarynyň rugsatsyz ulanylandygy üçin Samsung kompaniýasyndan 170 million dollar jerime tölemegi talap edýär. Bu mesele boýunça häzirki wagtda Londonyň Ýokary......

25.06.2026 20:11
3.6k+

Hindi startapyny esaslandyryjy WhatsApp-a ýolbaşçylyk eder

Meta kompaniýasy WhatsApp-yň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleriň bolandygyny yglan etdi. Soňky ýedi ýylyň dowamynda messenjere ýolbaşçylyk eden Will Ketkart kompaniýanyň içinde başga bir wezipä geçýär. Täze......

24.06.2026 17:02
2.5k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

23.06.2026 22:44
5.6k+

Bugatti sport awtoulagynyň bahasyndan golf taýaklaryny satýar

Bugatti kompaniýasy «Honma» ýapon firmasy bilen bilelikde işlenip düzülen golf aksessuarlarynyň täze hataryny tanyşdyrdy. Aýratyn taýaklaryň bahasy 3200 dollardan başlanýar, iň gymmat toplumyň bahasy bolsa 72......