Türkmenistanyň ÝHHG-niň ýanyndaky wekiliýeti beýannama bilen çykyş etdi

  • 03.10.2020 12:19
  • 4.9k+

ÝHHG-niň ýanyndaky wekiliýeti bu guramanyň Hemişelik Geňeşiniň agzalaryny 25-nji sentýabrda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň netijeleri bilen tanyşdyrdy.

Beýannamada mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň uzak möhletleýin maksatnamalary üstünlikli ýerine ýetirmegiň esasy ugurlaryna, şeýle hem 2021-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm meselelerine seredilendigi bellenildi. Ýygnagyň esasy gün tertibiniň biri döwletiň kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaralar ulgamynyň işini kämilleşdirmek maksady bilen amala aşyrylýan konstitusion özgertmelere seredilmegi boldy.
Şunuň bilen baglylykda, ýokarda görkezilen Konstitusion Kanuna laýyklykda Türkmenistanda kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan täze wekilçilikli edara – Milli Geňeş döredildi we ol iki palatadan – Halk Maslahatyndan hem-de Mejlisden ybaratdyr. Bu kanunda palatalaryň ikisiniň hem ygtyýarlyklary, olary döretmegiň we işlerini alyp barmagyň tertibi takyk kesgitlenendir.
Mundan başga-da, ÝHHG-niň Hemişelik Geňeşi Halk Maslahatynyň mejlisinde Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bilen tanyşdyryldy. Hususan-da, Türkmenistanyň BMG, Ýewropa Bileleşigi, GDA, ÝHHG, Goşulyşmazlyk Hereketi, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly abraýly halkara guramalary köptaraplaýyn hem-de dünýä ýurtlary bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrjakdygy bellenildi. Ýurduň suw, energetika, transport diplomatiýasy we daşky gurşaw meseleleri boýunça öňe süren başlangyçlary ileri tutulýan ugurlaryň arasynda galýandygy hem nygtaldy.

düýn 19:38
2.8k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.2k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

düýn 11:05
3.6k+

Bütindünýä bankynyň hasabaty: 2035-nji ýyla çenli ýaşlaryň 1,2 milliardy zähmet bazaryna geler

Bütindünýä bankynyň «Gyzgalaňly iş üpjünçiligi meselesi» atly hasabatyna görä, ýakyn onlarça dowamynda ösüp barýan ýurtlar öň görülmedik synag bilen ýüzbe-ýüz bolarlar: takmynan 1,2 milliard ýaş nesil zähmet......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......