«Awatar» filminiň dowamy surata düşürilip tamamlandy

  • 29.09.2020 17:01
  • 10k+

“Awatar 2” filmi surata düşürilip tamamlandy. Bu barada filmiň režissýory Jeýms Kemeron gürrüň berdi. Muny lenta.ru ýetirýär.

“Awatar 2” filminiň çykan güni biz “Awatar 3-i” düşürmegiň üstünde işläris. Biz janly hereketiň galan bölegini düşürýäris. Ikinji bölümi surata düşürmegi 100 göterim, “Awatar 3-i” bolsa 95 göterim diýen ýaly tamamladyk” – diýip, ol aýdýar. Režissýor koronawirus pandemiýasy sebäpli filmiň surata düşürilişiniň togtadylandygyndan zeýrendi, şol sebäpli “Awatar 2-niň” premýerasy hem bir ýyl yza süýşürildi. Deslapky maglumatlara görä, ol 2022-nji ýylyň 16-njy dekabrynda geçiriler.
Filmiň surata düşürilişi 2017-nji ýylda Täze Zelandiýada başlady, işler meýilnama boýunça gidýärdi, ýöne 2020-nji ýylyň martynda Kemeron COVID-19 sebäpli surata düşürmegi togtatmaga mejbur boldy.
“Awatar” prokata 2009-njy ýylda çykdy. 237 million dollar býujet bilen lenta dünýä prokatynda 2,7 milliard dollardan gowrak gazandy we on ýyl ýygymy boýunça liderligini saklady, 2019-njy ýylda bolsa “Ar alyjylar: Final” filmine ýol berdi. “Awatar 2” filminiň býujeti 285 mln dollara barabar.
Mundan ozal Kemeron “Awataryň” ikinji we üçünji bölüminiň detallary barada gürrüň berdi. Ol gahrymanlar Jeýk bilen Neýtiriniň heniz hem biledigini, olaryň sekiz ýaşly gyzjagazynyň boljakdygyny aýtdy. Onuň aýtmagyna görä, täze kartinada esasy sahnalaryň biri çaganyň nukdaýnazaryndan görkezilen ene-atanyň arasyndaky dawa bolar.

düýn 20:06
1.5k+

Norwegiýada XI asyra degişli kümüş teňňelerden ybarat uly göwrümli hazyna tapyldy

Norwegiýaly arheologlar Rena şäheriniň golaýyndaky meýdançada wikingler döwrüne degişli bolan 4772 sany kümüş teňňeden ybarat gymmat bahaly hazynany ýüze çykardylar....

düýn 17:05
4.8k+

Gradusyň ähmiýeti bar: tomusda awtoulagyň kondisionerinde nähili howp gizlenýär

Tomusda, uzak wagtlap yssyda bolnandan soň, awtoulagyň salonynyň birden sowadylmagy sürüjiniň we ýolagçylaryň saglygyna ýaramaz täsir edip biler. Hünärmenler gyzgyn awtoulaga girenden soň, kondisioneri derrew......

düýn 11:02
7.8k+

UFC-niň öňki çempiony Aleks Pereýra öz güýjüni aktýor hökmünde synap gördi

Iki agram derejesinde UFC-niň öňki çempiony Aleks Pereýra ilkinji gezek doly metražly çeper filmde peýda bolar....

düýn 10:07
2.3k+

Türkmenistanda tebigatçylar üçin iki günlük ekologiýa çäresi guraldy

Türkmenistanda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli «Ýaşyl geljek üçin hyzmatdaşlyk» atly iki günlük ekologiýa çäresi geçirildi. Bu çäräni Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli......