Düýn Köpetdagyň eteginde ýerleşen Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk çapyşyklary geçirildi. Dabaralara Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.
Ahalteke bedewleri çapyşyklaryň 7-sinde dürli aralyklarda öz ýyndamlygyny we tizligini görkezdiler. Çapyşyklaryň her birinde baýraklar goýuldy—6 baýragyň her biri 15 müň amerikan dollar bolup, olar halk hojalyk toplumynyň dürli pudaklarynyň adyndan hem-de baş baýrak 30 müň dollar hormatly Prezidentimiziň adyndan goýuldy. Şeýlelikde, baýragyň umumy möçberi 120 müň dollar bolup, olar her çapyşyga gatnaşýan 12 çapyksuwaryň içinden diňe ýeňiji bolanlaryň arasynda paýlanyldy. Baýraga dalaş edýänleriň jemi sany 84 çapyksuwardan ybarat boldy.
Birinji çapyşyga üçýaşar bedewler gatnaşdylar. Pellehanadan ilkinji bolup, Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň Garagum diýen aty geçdi, ony çapyksuwar N.Agamyradow çapdy. Ol 1600 metr aralygy 1 minut 48 sekuntda geçdi.
Ikinji çapyşyk hem 1600 metr aralygy geçirildi. Bu ýaryşda iň oňat wagty çapyksuwar D. Berdimuhammedowyň çapan, Içeri işler ministrligine degişli bolan Gyrbedew diýen aty görkezdi. Ol bu aralygy 1 minut 42,2 sekuntda geçmegi başardy.
Üçünji çapyşykda bedewler 1800 metr aralyga güýç synanyşdylar. Pellehanadan ilkinji bolup, B.Babaýewiň çapan, Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň Bezirgen diýen aty geçdi. Ol bu aralykda 2 minut 02,6 sekund wagt görkezdi.
Ilkinji iki çapyşyklardaky ýaly, üçýaşar bedewleriň gatnaşan dördünji çapyşygy 2200 metr aralyga geçirildi. Pellehana ilkinji bolup, çapyksuwar R. Abdyýewiň çapan Atçylyk sport federasiýasynyň Dorhan diýen aty geldi. Ol bu aralygy 2 minut 27,1 sekuntda geçdi.
Dörtýaşar we uly bedewleriň gatnaşmagynda bäşinji çapyşykda (2200 metr aralyk) ilkinji üç baýrakly orunlary Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň bedewleri eýelediler. 2 minut 30,7 sekund netije görkezip, Goşasakar diýen at pellehanadan ilkinji geçdi. Bedewi çapan çapyksuwar N.Annamyradow.
Altynjy çapyşyga hem (2400 metr aralyk) dörtýaşar we uly bedewler gatnaşdylar. Bu ýaryşda Adalat ministrliginiň Syrdaşym diýen aty birinji orny eýeledi. Çapyksuwar B. Berkeliýewiň çapan bu aty bellenen aralygy 2 minut 38,3 sekuntda geçmegi başardy.
Dörtýaşar we uly bedewleriň gatnaşan jemleýji çapyşygy 2400 metr aralyga geçirildi. Bu ýaryş ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllygy mynasybetli hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan goýlan baş baýragy almak ugrunda ýaýbaňlandy. Dartgynly we özüni çekiji bu çapyşykda Dorgunan diýen bedew pellehanadan ilkinji bolup geçmegi başardy. Ussat çapyksuwar B.Agamyradowyň çapan bu bedewi 2 minut 49 sekund wagt görkezdi.