Türkmenistanly dizaýner halkara bäsleşiginiň ýörite baýragyna eýe boldy

  • 24.09.2020 11:40
  • 28k+

Türkmenistanly dizaýner Aýna Annaýewa (Aýna Izbasar) modelýerleriň IBEFF Etnomoda festival halkara onlaýn-bäsleşiginiň ýörite baýragyna “Geýimleri we aksessuarlary döretmekde däp bolan dürli usullary ulanandygy üçin” diýen baýragyna mynasyp boldy. Bu barada ORIENT habar berýär.

Modelýer “Häzirki zaman modasynda etno-äheňler” ugry boýunça çykyş etdi we Garagumuň ösümlik dünýäsine bagyşlanan “Çölüň güli” kolleksiýasyny (ýygyndy) hödürledi. Oňa donlar, dürli eşikler, rahatka-balaklar, tunikalar we başgalar girýär.

“Açyk reňkler, ýiti detallar, fakturalaryň batyrgaý garyşygy geçmişe çuňňur göz aýlaýar we geljege tarap ymtylýar. Kolleksiýa moda tendensiýalary bilen berk baglanyşykly däl, sebäbi rahatlyk we amatlylyk onuň özenidir, ýöne bezeg elementleriniň ulanylmagy möhüm bolup durýar. Bu ýerde hiç hili çäk ýok” – diýip, dizaýner kolleksiýasyny suratlandyrýar.

Kolleksiýany döretmekde ol düzüminde tebigy süýüm – pagta, nah, ýüň, zygyr bolan matalary ulandy.

“Meniň egin-eşiklerimiň konsepsiýasy onuň ýönekeýliginde: ölçege deň gelmegi talap etmeýän biçüw, islendik ýerde we islendik beden ululygyna laýyklyk” – diýip, Aýna aýdýar.

düýn 16:14
1.3k+

Aktýor Pedro Paskal «Chanel» moda öýüniň täze ýüzi boldy

«The Last of Us» we «Narko» seriallary boýunça meöhur bolan aktýor Pedro Paskal «Chanel» moda öýüniň täze ýüzi boldy. Bu barada ol özüniň sosial ulgamlaryndaky sahypalarynda habar berdi....

23.04.2026 11:43
3.3k+

Başyna çalma, egnine kimono geýen Günbatar Gündogara meňzäp barýar

Moda industriýasynda gündogar äheňlerindäki trendiň («oriental-core») meşhurlygy barha artyp barýar. Günbatar brendleriniň Aziýa we Ýakyn Gündogar medeniýetini durky-düýrmegi, matalarydyr nagyşlary bilen öz......

16.04.2026 22:53
1.8k+

Zendeýa On brendi bilen başdan-aýak eşik toplumyny çykardy

Meşhur aktrisa Zendeýa we On sport brendi bilelikde taýýarlan täze eşik we aýakgap kolleksiýasyny tanyşdyrdylar. WWD olaryň 16-njy aprele satuwa çykaryljakdygyny habar berýär....

16.04.2026 19:57
6.7k+

«Köwşüň aýagyňa laýykmy, ýa...?»:zenanlar näme üçin aýaklarynyň ululygyndan utanýarlar?

...Witrinanyň öňünde durup-durup, göwnüne ýaran owadan köwşi ahyry eline alan zenan satyjynyň ýanyna bardy-da, bir gyzaryp, bir bozaryp, özi üçin örän aýyp bolan soragy pyşyrdabrak daşyna çykardy:...