Türkmenistanda ABŞ-nyň Halkara ösüş agentliginiň täze wekili işläp başlady

  • 24.09.2020 11:06
  • 4.7k+

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew ABŞ-nyň Halkara ösüş agentliginiň Türkmenistandaky wekili N.Nadiradzeny ABŞ-nyň Halkara ösüş agentliginiň Türkmenistandaky wekili hökmünde täze wezipesi bilen gutlap, bu jogapkärçilikli işinde üstünlikler arzuw etdi. Bu barada 23-nji sentýabrda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen duşuşykda bellenilip geçildi, diýip Türkmenistanyň daşary syýasat edarasy habar berdi.

Gepleşikleriň başynda N.Nadiradze türkmen tarapyny ýetip gelýän Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni, şeýle-de ýurduň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy bilen gutlady hem-de türkmen halkyna parahatçylyk we asudalyk arzuw etdi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň Hökümeti bilen ABŞ-nyň Halkara ösüş agentliginiň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar we olary täze derejä çykarmagyň zerurlygy barada bellediler. 2021-nji maliýe ýyly üçin Türkmenistanyň täzelenen Ýol kartasynyň meseleleri barada pikir alşyldy.
Şeýle-de Türkmenistanyň döwlet edaralary bilen birnäçe bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek ýoly arkaly hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça teklipler orta atyldy.
Türkmenistanyň Merkezi Aziýada we Owganystanda parahatçylygy, durnuklylygy we ösüşi üpjün etmekdäki gyzyklanmasy, şeýle-de ýurduň bu meseledäki oňyn tejribesi barada bellenip, ABŞ bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky “С5+1” hyzmatdaşlyk formatynyň çäklerinde bu ugurdaky bilelikdäki tagallalary birleşdirmek boýunça teklipler orta atyldy.

düýn 16:07
2.2k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 14:18
5.5k+

​Bloomberg: Tramp 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmegi meýilleşdirýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy takmynan 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmek mümkinçiligini gözden geçirýär diýip, Bloomberg agentligi......

düýn 12:34
3.7k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 21:16
5.5k+

2050-nji ýyla çenli Ýewropada iň wajyp çig mallara bolan islegiň tas ýarysy galyndylaryň hasabyna üpjün ediler

2050-nji ýyla çenli galyndylar Ýewropa üçin iň esasy möhüm materiallaryň çeşmeleriniň birine öwrülip, sebitiň bu hili çig mala bolan isleginiň 56%-e çenlisini üpjün edip biler. Ýewropa Bileleşigi (ÝB)......