«Ýewrowideniýäniň» guramaçylary bäsleşigi geçirmegiň dört ýagdaýyny aýtdylar

  • 20.09.2020 23:02
  • 3.7k+

2021-nji ýylda “Ýewrowideniýe” aýdym-saz bäsleşigini geçirmegiň dört sany esasy ýagdaýy belli boldy. Bu barada polit.info habar berýär.

Birinji ýagdaý çäräni hemmeler üçin adaty bolan görnüşde geçirmegi göz öňünde tutýar. Rotterdamdaky Ahoy konsert zalynda tomaşaçylar we aýdymlary ýerine ýetirijiler bolar. Bäsleşigi şeýle ýagdaýda geçirmek, esasan, dünýädäki epidemiologik ýagdaýa hem-de köpçülikleýin sanjymyň täsirine baglydyr.
Bäsleşigi geçirmegiň ikinji ýagdaýy belli bir düzgünleriň berjaý edilmegini talap edýär. Konserte gelenleriň ählisi, şeýle-de çykyş edýän artistler sosial araçägi berjaý edip, biri-birinden bir ýarym metr uzaklykda ýerleşmeli bolarlar. Her ýurtdan wekiliýet agzalarynyň, metbugat wekilleriniň sany azaldylar.
Bäsleşigi geçirmegiň üçünji ýagdaýy hem sosial araçägi we bäsleşige gatnaşýanlaryň nomerinde çykyş edýänleriň sanynyň çäklendirilmegini göz öňünde tutýar. Ýerine ýetirijilerden biri pandemiýa wagtynda daşary ýurtlara gitmeklige girizilen çäklendirmeler sebäpli Rotterdama gelip bilmese, artist aýdymy öz ýurdunda ýerine ýetirmäge mümkinçilik gazanar.
Dördünji ýagdaýa laýyklykda, “Ýewrowideniýe” tomaşaçysyz karantinde geçer. Her bir gatnaşyjy öz ýurdundan çykyş eder, soňra ähli ýaýlymlar Rotterdamda Ahoy bilen bitewi teleýaýlyma birikdiriler. Şu ýylyň noýabrynda çagalaryň “Ýewrowideniýesi” hem şeýle görnüşde geçer.
2021-nji ýylda “Ýewrowideniýe” bäsleşiginiň nähili geçjekdigi barada gutarnykly çözgüt indiki ýylyň başynda kabul ediler. Ýatlap geçsek, öň halkara aýdym-saz bäsleşigini geçirmegiň täze senesi belli edildi. Çykyşlaryň ýarym finaly 2021-nji ýylyň 18-nji we 20-nji maýynda, final konserti 22-nji maýda geçer.

düýn 23:54
824

Merginiň watany: Keseliň iň gadymy ojagynyň yzlary Baýkal sebitinde tapyldy

Takmynan 5,5 müň ýyl ozal Baýkal kölüniň golaýynda aradan çykan onlarça awçy-ýygyjynyň dişlerinde mergi keselini döredýän bakteriýanyň DNK-synyň saklanyp galandygy belli boldy. Bu baradaky ylmy makala Nature......

düýn 23:47
878

Fransiýada aşa yssy howa sebäpli heläkçilik görkezijileri birden ýokary galdy

Fransiýada aşa yssy howanyň başlanmagy bilen gündelik ölüm görkezijilerinde ep-esli ösüş hasaba alyndy. Ýurduň «Santé publique France» milli saglygy goraýyş agentliginiň berýän maglumatlaryna görä, 24-nji......

düýn 23:45
677

Awstraliýanyň gaýalarynda dünýäniň iň kiçi haltaly jandarlarynyň täze görnüşi tapyldy

Kwinslend tehnologiýa uniwersitetiniň alymlary «Planigale petrophila» diýlip atlandyrylan haltaly haýwanlaryň täze görnüşini giňişleýin häsiýetlendirdi....

düýn 20:40
1.5k+

Seulyň 70 ýaşdan uly ýaşaýjylary awtobuslarda mugt gatnap biler

Seulyň şäher geňeşi 70 ýaşly we ondan uly bolan ýaşaýjylar üçin şäher awtobuslarynda mugt gatnamak baradaky karary makullady....