Türkmenistan Sarahs BGN-de eýranly ýük kerwenleri üçin serhedini wagtlaýyn açdy

  • 15.09.2020 17:01
  • 21k+

Türkmenistan bilen Eýran Sarahs–Sarahs barlag-goýberiş nokadynda awtoulaglaryň geçmegi üçin serhet geçelgesini wagtlaýyn açdylar. Eýranyň Sarahs serhet terminalynyň başlygy Mehdi Rezai Horasan Razawi welaýatynyň demirgazyk-gündogaryndaky bu serhet böleginiň 14-nji sentýabrda Eýranyň ýük awtoulaglary üçin ýörite şertlerde Türkmenistan tarapyndan 10 günlük açylandygyny aýtdy. Bu barada Eýranyň habar beriş serişdelerine salgylanyp, ORIENT habar berýär.

«Duşenbe güni türkmen tarapy bilen serhetde geçirilen duşuşyga we ylalaşylan arassaçylyk düzgünlerine laýyklykda, 10 ýük awtoulagynyň araçäk köprüsinden geçip, Türkmenistanyň çäginden 100 metr içeri girmegi we ýükli tirkegleriň eýran ulaglaryndan ýükleri Türkmenistanyň çägindäki ýa-da üçünji ýurduň başga bir serhedindäki ahyrky nokada eltýän türkmen ulaglaryna geçirilmegi barada karar berildi» diýip, IRNA bilen bolan söhbetdeşlikde Mehdi Rezai belleýär.

Türkmen ýük awtoulaglary ýükleri barmaly nokadyna eltip, boş tirkegini Sarahsdaky eýranly sürüjilere gaýtaryp berer. Eýrana girýän türkmen ýük awtoulaglary üçin hem şuňa meňzeş operasiýa mümkin.
2020-nji ýylyň iýun aýynyň başynda, Türkmenistan bilen Eýranyň serhedinde, Sarahs–Sarahs barlag-goýberiş nokadynyň golaýynda Tejen derýasynyň üstünden 96 metrlik köpri açyldy.
Eýranyň ýol we şäher gurluşyk ministri Muhammed Eslaminiň aýtmagyna görä, täze köpriniň ulanylmaga berilmegi serhetden bir günde 1000 awtoulagyň geçmegini üpjün etmäge mümkinçilik berer, bu bolsa Aşgabat bilen söwda gatnaşyklaryny gowulandyryp, Eýrana Merkezi Aziýa ýurtlary bilen has işjeň hyzmatdaşlyga we Aşgabat şertnamasynyň tranzit ýeňilleşdirilmegi baradaky şertnamanyň ýerine ýetirilmegine ýardam eder.
Eýran Sarahs, Lýutfabad we Inçburun ýaly ähli serhet geçelgelerinde Türkmenistanyň üsti bilen awtoulag hereketiniň has ir başlanmagyna umyt baglaýar.
Öň, Türkmenistanyň 1-nji sentýabrdan Eýran bilen yzygiderli demir ýol gatnawyny dikeldendigi barada habar beripdik.

düýn 16:13
4.2k+

Kazyýet Ilon Maskyň OpenAI we Microsoft kompaniýalaryna garşy şikaýatyna aprel aýynda sereder

Kaliforniýanyň Oklend şäheriniň federal kazysy OpenAI we Microsoft kompaniýalarynyň Ilon Maskyň talap arzasyny ýatyrmak baradaky soňky synanyşygyny ret etdi. Bu karar kazyýet mejlisiniň başlanmagyna ýol açdy. Deslapky meýilnama boýunça, kazyýet işi 27-nji aprelde başlanmaly...

düýn 15:58
3.5k+

Russiýanyň ilçisi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň 2026-njy ýyl üçin meýilnamalaryny mälim etdi

Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçisi Iwan Wolynkin Aşgabatda geçiren brifinginde 2025-nji ýylda ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň jemlerini jemledi we 2026-njy ýyl üçin hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny kesgitledi...

düýn 10:00
4.2k+

Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy

17-nji ýanwarda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Türkmen bedewiniň milli baýramyna görülýän taýýarlyk işleri bilen tanyşmak maksady bilen Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna bardy...

17.01.2026 22:44
969

OpenAI Cerebras-dan 10 milliard dollarlyk hasaplaýyş güýjüni satyn alar

OpenAI startap Cerebras Systems-den hasaplaýyş güýjüni satyn almak barada ylalaşyga gol çekdi. Şertnama laýyklykda, ChatGPT-ni işläp düzüjä üç ýylyň dowamynda 750 megawatta çenli serişdeler elýeterli bolar. The Wall Street Journal-yň ýazmagyna görä, şertnamanyň umumy bahasy 10 milliard dollardan hem geçýär...