Aşgabatda gurluşykçylar hum tapdylar

  • 12.09.2020 08:15
  • 42k+

Aşgabadyň demirgazyk-günbatar böleginde gurulýan 16-njy tapgyryň ýaşaýyş toplumynyň çäginde, ýerasty kommunikasiýalar çekilen mahalynda, gurluşykçylar gadymy oturymly ýeriň yzlaryny ýüze çykardylar.

2 metrden gowrak çuňlukda ekskawatoryň susagy tötänden ägirt uly keramiki gaba degdi. Ol beýikligi 1 metre golaý bolan hum bolup çykdy. Işler şol bada bes edildi hem-de bellenen kadalara laýyklykda, tapyndy baradaky maglumat Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirlige gelip gowuşdy.
Bu ýere gelen arheologlaryň topary gazylan ýeri öwrendi we şol ýere ýanaşyk meýdanda gazuw-agtaryş işlerini amala aşyrdy. Şonuň netijesinde oňat saklanyp galan humlaryň ýene-de ikisi ýüze çykaryldy. Olaryň ählisi köp asyrlar mundan ozal şu ýerde bar bolan binanyň otaglarynyň birinde ýerleşýärdi.
Hünärmenler aňsatlyk bilen tapyndylaryň takmynan ýaşyny hem-de medeni degişliligini kesgitlediler. Olar däne ýa-da suwulygy saklamak üçin niýetlenen parfiýa humlary bolup çykdy: gaplaryň içki diwarlaryndaky çökündileriň himiki seljermesi önümleriň ýerine ýetiren wezipesini anyklamaga ýardam eder.
Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, soňky iki müň ýylyň dowamynda häzirki Aşgabadyň çäginde we onuň töwereklerinde galalaryň, mülkleriň hem-de oturymly ýerleriň tutuş ulgamy ýerleşipdir. Olar biri-birinden ep-esli aralykda ýerleşipdir.
Tapylan keramiki gaplaryň aýratynlyklary boýunça olaryň ählisi parfiýa döwrüne degişli bolupdyr. Ýöne, adamlaryň şol ýerde has giçki döwürlerde, eýýäm orta asyrlarda ýaşandyklarynyň alamatlary hem az bolmandyr.

düýn 23:11
1.2k+

Ýaponiýada emeli aň bäbekleriň agysyny «terjime edip» başlady

Ýaponiýada emeli aň esasynda işlenip düzülen «Awababy» mobil programmasy ene-atalara entek dilem açmadyk çagalarynyň näme üçin aglaýandygyna düşünmäge kömek edýär....

düýn 22:13
2.1k+

Mazary-Şarifde Magtymguly Pyragynyň ýadygärligi abatlaýyş işlerinden soň açyldy

2026-njy ýylyň 31-nji martynda Owganystanyň Balh welaýatynyň Mazary-Şarif şäherinde türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň ýadygärligi abatlaýyş işlerinden soň dabaraly ýagdaýda açyldy....

düýn 16:55
496

Warner Music we Netflix aýdym-saz ýyldyzlary barada dokumental film düşürerler

Warner Music Group bilen Netflix köpýyllyk hyzmatdaşlyk şertnamasyny baglaşdylar. Bu şertnamanyň çäginde, Netflix meşhur saz leýbli bilen baglanyşygy bolan aýdymçylar we kompozitorlar barada dokumental......

düýn 14:51
2.3k+

Braziliýada 1,5 müňden gowrak seýrek görnüşli pyşbaga Riu-Negru derýasyna goýberildi

Braziliýanyň Riu-Negru derýasyna tebigaty gorap saklamak maksatnamasynyň çäginde 1500-den gowrak amazonka pyşbagasynyň (Podocnemis expansa) çagalary goýberildi....