Türkmenistanda 4 welaýatda pagta ýygymy badalga aldy

  • 10.09.2020 12:40
  • 9.2k+

9-njy sentýabrda Türkmenistanda Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda pagta ýygymyna girişildi. bu Toprak-howa şertlerine laýyklykda, pagta ýygymy Daşoguz welaýatynda 16-njy sentýabrda başlanar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, 2020-nji ýylda gowaça ekiljek ýerleriň umumy meýdany 620 müň gektara çenli giňeldildi. Bahar paslynda şunça ýere gowaçanyň “Ýolöten-7”, “Daşoguz-120”, “Daşoguz-144”, “Serdar”, “C-4727”, “Ýolöten-39”, “Jeýhun”, “C-2606”, “Ýolöten-14” orta we inçe süýümli görnüşleri ekildi.
Umuman, ýurdumyz boýunça “ak altynyň” 1 million 250 müň tonnasyny taýýarlamak göz öňünde tutulýar. Şonuň 280 müň tonnasy Ahal welaýatynda, 10 müň tonnasy Balkan welaýatynda, 275 müň tonnasy Daşoguz welaýatynda, 320 müň tonnasy Lebap welaýatynda, 365 müň tonnasy bolsa Mary welaýatynda taýýarlanylar.
Täze hasyly kabul etmek üçin harmanhanalaryň 157-si, pagta arassalaýjy kärhanalaryň 39-sy taýýarlanyldy. Şolaryň ýanyndaky barlaghanalarda “Türkmenstandartlary” Baş döwlet gullugynyň hünärmenleri hasylyň hiliniň düýpli barlagyny üpjün ederler.

düýn 19:38
1.9k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
880

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

düýn 11:05
3.2k+

Bütindünýä bankynyň hasabaty: 2035-nji ýyla çenli ýaşlaryň 1,2 milliardy zähmet bazaryna geler

Bütindünýä bankynyň «Gyzgalaňly iş üpjünçiligi meselesi» atly hasabatyna görä, ýakyn onlarça dowamynda ösüp barýan ýurtlar öň görülmedik synag bilen ýüzbe-ýüz bolarlar: takmynan 1,2 milliard ýaş nesil zähmet......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......