Superkompýuter COVID-19-y ýürek-damar keseli diýip hasaplady

  • 09.09.2020 23:35
  • 14k+

2018-nji ýylda ABŞ-nyň Oak-Rij milli barlaghanasynda işe girizilen Summit superkompýuteri täze görnüşli koronawirus ýokanjynyň ýiti respirator ýokançlaryna däl-de, ýürek-damar kesellerine degişlidigini kesgitledi. Bu barada 360tv.ru habar berýär.

“eLife” neşiriniň maglumatlary boýunça, hasaplaýjy kuwwatlylygy boýunça dünýäde ikinji ýerde durýan kompýuter bir hepdäniň içinde SARS-CoV-2-niň 17 müň nusgasyndan 40 müň genom baradaky maglumatlary gaýtadan işledi. Ol 2,5 milliard töweregi kombinasiýany hasaplady, alnan maglumatlary alymlar gaýtadan seljerdiler.
Olar koronawirusyň ýaýramagynda “bradikinin tupany” esasy roly oýnaýar diýen çaklamany öňe sürdüler. Şonuň üçin COVID-19-yň ýürek-damar ulgamlarynyň keseli bolmagy ähtimal. Keseli bejermek üçin organizmde bradikinin artykmaçlyk eden ýagdaýynda ulanylýan serişdelerden peýdalanmaly. Olar diýseň ýönekeý we giňden ýaýran.
Häzir ýokançdan ýüze çykýan kynçylyklaryň esasy sebäbi hasaplanýan sitokain tupany başga bir tupana – bradikinin tupanyna sebäp bolýar.
Bradikinin damarlaryň we olaryň diwarlarynyň geçirijiliginiň giňemegine getirýär. Koronawirus organizme düşenden soň, bu maddany öndürmek bilen adaty şertlerde muny ýerine ýetirmedik öýjükler meşgullanyp başlaýar.

“Netijede, gan aýlanyş damarlary gurşap alýan dokumalara suwuklygy has köp geçirip başlaýarlar, şonuň netijesinde ol öýkende üýşýär” – diýip, alymlar belleýärler.

Bir wagtda gialuron kislotalarynyň hem işläp çykyşy ýokarlanýar. Ol öýkendäki suwuklygyň alweollaryň öňüni böwetleýän we ölüme getirýän žele öwrülmegini güýçlendirýär.

şu gün 01:16
309

ChatGPT ulanyjylaryň bank hasaplaryna elýeterli bolar

OpenAI kompaniýasy ChatGPT üçin «Plaid» platformasy arkaly ulanyjylaryň bank hasaplaryny birikdirmäge mümkinçilik berjek täze funksiýany yglan etdi....

düýn 23:48
288

Microsoft täze we örän gymmat Surface planşetlerini we noutbuklaryny hödürledi

Microsoft kompaniýasy korporatiw alyjylar üçin niýetlenen, Intel-iň täze Panther Lake prosessorlary bilen üpjün edilen täze Surface Pro 12 planşetlerini we Surface Laptop 8 noutbuklaryny hödürledi....

düýn 16:26
1k+

Google we Samsung displeýsiz akylly äýnekleri resmi taýdan tanyşdyrdy

Google I/O 2026 maslahatynda Google we Samsung kompaniýalary Gemini emeli aňynyň esasynda işleýän we ulanyjylaryň ellerini smartfonlardan boşatmaga niýetlenen bilelikdäki akylly äýnekleriniň hataryny resmi......

düýn 13:59
2k+

Microsoft dürli ýurtlarda EA-nyň ornaşdyrylyş derejesine baha berdi: ABŞ bilen Hytaý, ilkinji 20-lige hem girmedi

2026-njy ýylyň birinji çärýeginde Birleşen Arap Emirlikleri we Singapur emeli aňyň ornaşdyrylyşynda öňdebaryjy boldy. Amerikanyň Birleşen Ştatlary we Hytaý emeli aňyň ornaşdyrylmagy boýunça ilkinji 20 ýurduň......