Türkmenistanda öri meýdanlaryny peýdalanmaga we kärendesine bermegiň Tertibi tassyklanyldy

  • 05.09.2020 16:43
  • 17k+

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde öri meýdanlaryny peýdalanmaga we kärendesine bermegiň Tertibini, öri meýdanlarynyň peýdalanylandygy üçin tölegiň möçberi hem-de tölegi almagyň Tertibini tassyklaýan Karara gol çekdi.

Bu resminama öri meýdanlaryny rejeli peýdalanmak, gowulandyrmak we gorap saklamak bilen baglanyşykly gatnaşyklary düzgünleşdirmek, şeýle hem peýdalanylýan öri meýdan ýerlerini peýdalanyjylaryň we kärendeçileriň hukuklaryny goramak babatda ýer gatnaşyklaryny düzgünleşdirmek maksady bilen kabul edildi.
Karara laýyklykda, welaýatlaryň häkimlikleri öri meýdanlarynyň peýdalanylandygy üçin tölegleriň doly möçberde we öz wagtynda alnyşyna gözegçilik eder.
Şeýle hem Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine, Maliýe we ykdysadyýet ministrligine Adalat ministrligi bilen bilelikde Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri iki aý möhletde taýýarlamak hem-de Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.

düýn 22:54
664

Misiň dünýä bazaryndaky nyrhy önümçilikdäki bökdençlikler sebäpli gymmatlaýar

Dünýä bazarlarynda misiň bahasy bir tonna üçin 14 000 dollardan geçip, taryhy iň ýokary derejesine golaýlady. Bloomberg agentliginiň habar berşi ýaly, nyrhlaryň beýle çalt ýokarlanmagyna magdan känlerindäki......

düýn 22:49
1.6k+

Narendra Modi hindistanlylary bir ýyllap altyn satyn almazlyga çagyrdy

Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi halka ýüzlenip, iň bolmanda bir ýyl möhlet bilen altyn satyn almakdan saklanmaga çagyrdy. Hökümet baştutanynyň pikiriçe, bu çäre dünýä ykdysadyýetindäki durnuksyzlyk......

12.05.2026 20:41
11k+

ABŞ-nyň awtoulag senagaty Trampdan bazary hytaý awtoulaglaryna açmazlygy soraýar

Amerikan awtoulag öndürijileri, üpjün edijileri, polat guýujy kompaniýalary, kärdeşler arkalaşyklary we kanun çykaryjylar ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampy ABŞ bazarynyň hytaý awtoulaglary üçin açylmagyna ýol......

12.05.2026 20:15
1.6k+

Aşgabatda «Agro Pack Turkmenistan – 2026» halkara sergisi geçirilýär

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda oba hojalyk harytlarynyň we azyk senagatynyň «Agro Pack Turkmenistan – 2026» atly halkara sergisi açyldy. Bu ýerde ýerli we daşary ýurtlaryň işewür......