Türkmenistan Eýran bilen ýük demir ýol gatnawyny dikeltdi

  • 04.09.2020 23:00
  • 13k+

Türkmenistan 1-nji sentýabrdan Eýran bilen yzygiderli demir ýol gatnawyny dikeltdi. Bu barada ORIENT habar berýär. 

Hemişelik tertip boýunça ýük düzümleriniň gatnawy Sarahs-Sarahs, Artyk-Lýutfabat we Akýaýla-Inçeburun serhet geçelgelerindäki gümrük barlag-geçiriş nokatlarynyň üsti bilen alnyp barylýar.
Türkmenistan koronawirusyň ýurduň çägine gelmegine ýol bermezlik maksady bilen 1-nji aprelden Eýran bilen ýük demir ýol gatnawyna çäk girizdi.
Ýurduň ähli barlag-geçiriş nokatlarynda berk sanitar epidemiologiýa gözegçilikleri girizildi, dezinfeksiýa ötükleri gurnaldy, howpsuzlygyň beýleki çäreleri göz öňünde tutuldy. 
Şahsy gorag serişdeleri we Saglygy goraýyş ministrliginiň teswirnamasy boýunça ähli zerur serişdeler bilen üpjün edilen geçiş nokatlarynda işleýän işgärler degişli taýýarlyk işlerinden geçdi.

düýn 22:54
653

Misiň dünýä bazaryndaky nyrhy önümçilikdäki bökdençlikler sebäpli gymmatlaýar

Dünýä bazarlarynda misiň bahasy bir tonna üçin 14 000 dollardan geçip, taryhy iň ýokary derejesine golaýlady. Bloomberg agentliginiň habar berşi ýaly, nyrhlaryň beýle çalt ýokarlanmagyna magdan känlerindäki......

düýn 22:49
1.6k+

Narendra Modi hindistanlylary bir ýyllap altyn satyn almazlyga çagyrdy

Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi halka ýüzlenip, iň bolmanda bir ýyl möhlet bilen altyn satyn almakdan saklanmaga çagyrdy. Hökümet baştutanynyň pikiriçe, bu çäre dünýä ykdysadyýetindäki durnuksyzlyk......

12.05.2026 20:41
11k+

ABŞ-nyň awtoulag senagaty Trampdan bazary hytaý awtoulaglaryna açmazlygy soraýar

Amerikan awtoulag öndürijileri, üpjün edijileri, polat guýujy kompaniýalary, kärdeşler arkalaşyklary we kanun çykaryjylar ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampy ABŞ bazarynyň hytaý awtoulaglary üçin açylmagyna ýol......

12.05.2026 20:15
1.6k+

Aşgabatda «Agro Pack Turkmenistan – 2026» halkara sergisi geçirilýär

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda oba hojalyk harytlarynyň we azyk senagatynyň «Agro Pack Turkmenistan – 2026» atly halkara sergisi açyldy. Bu ýerde ýerli we daşary ýurtlaryň işewür......