Apple bir günüň içinde kapitalynyň $180 milliardyny ýitirdi

  • 04.09.2020 19:31
  • 12k+

Penşenbe gününiň birža söwdasynda Apple kompaniýasynyň kapitaly 8% pese gaçdy, bu tas $180 milliardyň ýitendigini aňladýar. Bu amerikan bazarynyň taryhynda islendik kompaniýa üçin bahalaryň rekord möçberinde bir günki pese gaçyşy bolup durýar diýip, “Barrons’s” neşirine salgylanmak bilen interfax.ru habar berýär.

Muňa garamazdan, Apple-iň kapitaly heniz hem $2 trilliondan ep-esli geçýär.
2020-nji ýyly hasaba almasak, ozalky antirekordy Facebook goýupdy, onuň bazar bahasy 2018-nji ýylyň iýunynda bir sessiýanyň dowamynda Cambridge Analytica bilen dawanyň netijesinde maliýe görkezijileriniň ýaramaz bolandygy sebäpli $119 mlrd azaldy (paýnamalar 19% arzanlady).
Mundan başga-da, 2020-nji ýylyň martynda bir-iki günüň içinde Apple bilen Microsoft-yň kapitalynyň günlük pese gaçyşy $150 milliarddan geçdi.
Amerikan gazna görkezijileri penşenbe güni söwdany birnäçe aýyň içinde tehnologiýa pudagynyň ep-esli ýitgä sezewar bolmagy esasynda pese gaçyş bilen tamamladylar. Maýa goýujylaryň islegi hem geçen aýda bazardaky durnuksyzlyk sebäpli peseldi.
Dow Jones Industrial Average indeksi bazarlaryň ýapylyşyna çenli 807,77 görkeziji (2,78%) – 28292,73 görkezijä çenli pese gaçdy. Görkeziji 11-nji iýundan bäri iň ýokary bir günlük pese gaçyşy görkezdi.
Standard & Poor’s 500 hem 125,78 punkt (3,51%) pese düşüp, 3455,06 punkta barabar boldy. Nasdaq Composite 598,34 punkt (4,96%) – 11458,10 punkta çenli pese gaçdy.

“Paýnamalar hem göterim aňlatmasynda ep-esli pese gaçyşy görkezýärler, aýratynam, tehnologiýa pudagy, ýöne bu ýakynda bolup geçen durnuksyzlyk sebäpli şeýle bolýar. Tehnologiýa pudagy uzak wagtlap düýpli ýagdaýlara täsirlenmändi” – diýip, CNBC telekanalyna Vital Knowledge-iň hünärmeni Adam Krisafulli teswir berdi.

Bir gün öň, amerikan gazna bazary söwdany maýa goýujylaryň koronawirus ýokanjyna garşy barlaglary we sanjymy taýýarlamakda ösüş gazanylmagyna umyt bildirmegi esasynda rekord derejede tamamlady.

“Biz ýakyn wagtda täze çöküşiň bolmagyna garaşmasak hem, bize ýokary trendi saklamak üçin her günde täze maksimum gerek däl” – diýip, Instinet kompaniýasynyň ýerine ýetiriji müdiri Frenk Kappelleri belleýär.

Facebook kompaniýasynyň kagyzlary 3,8% arzanlady. Kompaniýa prezident saýlawlaryndan öň bir hepdäniň içinde özüniň internet torundaky täze syýasy temalary aýyrjakdygyny habar berdi. Alphabet kompaniýasynyň bahasy 5,1%, Amazon.com – 4,6%, Netflix – 4,9%, Microsoft – 6,2% pese gaçdy.

düýn 20:25
2.1k+

Swatch akylly sagatlardaky siferblatlar sebäpli Samsung-dan 170 million dollar isleýär

Şweýsariýanyň Swatch kompaniýasy öz haryt nyşanlarynyň rugsatsyz ulanylandygy üçin Samsung kompaniýasyndan 170 million dollar jerime tölemegi talap edýär. Bu mesele boýunça häzirki wagtda Londonyň Ýokary......

25.06.2026 20:11
3.6k+

Hindi startapyny esaslandyryjy WhatsApp-a ýolbaşçylyk eder

Meta kompaniýasy WhatsApp-yň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleriň bolandygyny yglan etdi. Soňky ýedi ýylyň dowamynda messenjere ýolbaşçylyk eden Will Ketkart kompaniýanyň içinde başga bir wezipä geçýär. Täze......

24.06.2026 17:02
2.5k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

23.06.2026 22:44
5.6k+

Bugatti sport awtoulagynyň bahasyndan golf taýaklaryny satýar

Bugatti kompaniýasy «Honma» ýapon firmasy bilen bilelikde işlenip düzülen golf aksessuarlarynyň täze hataryny tanyşdyrdy. Aýratyn taýaklaryň bahasy 3200 dollardan başlanýar, iň gymmat toplumyň bahasy bolsa 72......