Mekdep okuwçylarynyň ene-atalaryna 6 sany peýdaly maslahat

  • 03.09.2020 15:39
  • 31k+

Mekdep okuwçysynyň durmuşyny nähili ýeňilleşdirmeli? Bu sorag bilen köp ene-ata ýüzbe-ýüz bolýar. Aslynda, bu aňsat. Munuň üçin okuwçynyň gününi dogry meýilleşdirmek we hünärmenleriň maslahatlaryny okamak ýeterlik.

1. Hiç haçan çagany bir wagtda hem birinji synpa, hem haýsydyr bir gurnaga ýa-da seksiýa ibermäň
“Uly” mekdep durmuşynyň başlanmagynyň özi hem onuň üçin agyr ýagdaý hasaplanylýar. Eger-de ol gezelenje gitmek, dynç almak, soňra sapaklaryna gyssanman taýýarlanmak mümkinçiligine eýe bolmasa, onda okuwçyda saglyk bilen bagly düýpli näsazlyklar ýüze çykyp biler.
Şonuň üçin, eger-de sport we aýdym-saz bilen meşgullanmak size çagaňyzyň ösüşi üçin hökmany ýaly bolup görünse, onda çagany şol ýerlere okuw başlamazyndan bir ýyl öň gatnadyp başlaň.

2. Ogluňyzyň ýa-da gyzyňyzyň bir zada ünsüni 15 minutdan köp berip bilmeýändigini ýadyňyzdan çykarmaň
Şonuň üçin onuň bilen sapaklara taýýarlanaňyzda, 15 minut taýýarlykdan soň arakesme ediň we hökman dynç alyň, meselem, fiziki maşklary ýerine ýetiriň. Duran ýeriňizde 10 gezek bökmek, şadyýan aýdymyň astynda birnäçe minut tans etmek hem bolar.
Ýene bir bellemeli zat, öý işlerine taýýarlanmagy ýazuwdan başlaň. Ýatdan işlemeli ýumuşlary ýazuw ýumuşlary bilen gezekleşdirmek hem gowy bolar. Şeýle işleriň umumy dowamlylygy bir sagatdan aňry geçmeli däldir.

3. Telewizora, kompýutere we uly görüş agramyny talap edýän islendik işe günde bir sagatdan köp sarp etmeli däl
Muny dünýäniň ähli ýurtlaryndaky lukmanlar-oftalmologlar hem tassyklaýar.
Öz çagaňyzy ýygy-ýygydan öwmegi hem ýatdan çykarmaň. Okuwyň birinji ýylynyň dowamynda çaga ene-atanyň goldawyna has mätäç bolýar. Sebäbi häzir ol mugallymlary hem-de synpdaşlary bilen özüniň şahsy gatnaşygyny ýola goýýar. Mundan başga-da, ol kimdir biriniň özi bilen dostlaşmak isleýändigine, kimdir biriniň bolsa islemeýändigine birinji gezek düşünýär. Şeýdip çagada özüne bolan hususy garaýşy emele gelýär. Eger-de siz çagaňyzyň özüne ynamly we ynjalykly adam bolup ýetişmegini isleseňiz, ony öwüň. Goldaw beriň, depderdäki ikilikler hem-de syýa tegmilleri üçin käýemäň.

4. Çagany birden oýarmak gerek däl
Sebäbi ol hemişe irizýän, ony köseýän, ýorgandan aýyrýan ejesine ýakymsyzlyk duýgusyny duýup biler. Iň gowusy, okuwça budilnikden peýdalanmagy öwretmeli.
Eger-de çaga heniz hem kynlyk bilen turýan bolsa, oňa “ýalta” diýip gaharyny getirmek ýa-da käýemek gerek däl. Mähir we mylaýymlyk gurşawyny dörediň, radiony ýa-da çaganyň gowy görýän aýdymyny çala gatyrak ýakyň, oňa ýylgyryp bakyň, ony ogşaň.
Çagany gyssadygyňça, onuň ähli zady has haýal edýändigini ýatdan çykarmaň. Bu ony kanagatlandyrmaýan tertip bilen göreşmekde onuň organizminiň ýeke-täk jogaby, onuň ýaragy.

5. Çagalara olaryň adaty jogap berýän soraglary bilen ýüzlenmäň
Gürrüň şeýle görnüşli jümleler barada gidýär: “Mekdepde ýagdaýlaryň nähili, nähili bahalary aldyň? – Hemme zat gowy...”
Siziň bahalaryňyzyň ene-ataň garaşany bilen gabat gelmedik ýagdaýynda, bu soraglaryň sizi hem gaharlandyrandygyny ýatlaň. Çagany synlaň, oňa üns beriň, onuň ýüzünde nähili emosiýalar “ýazylgy”. Çaga dynç almaga mümkinçilik beriň, oňa nähili kömek edip biljekdigiňiz barada soraň, gowy zatlar hakynda gürleşiň, göwün açyşyň. Bu maşgalany ysnyşdyrmaga kömek eder.

6. Kiçi okuwçylary ene-atanyň özi ýatyrsa has gowy bolar
Ýatmazyndan öň, onuň bilen ynamly gürleşmek, gorkusyny köşeşdirmek, ünsli diňlemek, oňa düşünýändigiňi we goldaýandygyňy görkezmek möhümdir.
Şonda siziň çagaňyz täze güne belent ruhda gadam basar!

12.05.2026 15:08
4k+

«Birlik» platformasy araçysyz söwda etmegiň aňsat usulyny hödürleýär: özem mugtuna

Biziň döwrümizde söwdanyň netijeliligi gönüden-göni karar kabul edişiň tizligine baglanýar. Emma marketlere, toý mekanlaryna öz tekjelerini doldurmak üçin, üpjün edijilere bolsa harydy ýerlemek üçin elmydama......

12.05.2026 13:52
4k+

«Bereketli Döwür» Italiýada, Kanadada we Rumyniýada okamak isleýänlere ýardam berýär

Daşary ýurtda bilim almak – elýetmez arzuw däl. Emma uly abraýly, dünýä belli uniwersitetlere okuwa girmek dalaşgärler üçin henizem çylşyrymly bir zat bolup görünýär. «Bereketli Döwür Education & Consulting»......

11.05.2026 21:10
4.2k+

«KompleMet» markaly dökünler Türkmenistanyň bazarynda gerimini giňeldýär

«KompleMet» markasynyň organiki-mineral dökünleri Türkmenistanyň bazarynda gerimini giňeldýär....

11.05.2026 09:43
9.5k+

Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty: maý aýy bizi tomusa taýýarlaýar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi....