Uorren Baffet ýapon paýnamalaryny satyn alýar

  • 01.09.2020 16:45
  • 6.3k+

Ýolbaşçysy maýa goýujy-milliarder Uorren Baffet bolan Berkshire Hathaway amerikan holding kompaniýasy bäş sany uly ýapon kompaniýasynyň 5%-den gowrak paýnamasyny satyn alandygyny habar berdi, bu barada Kyodo agentligi habar berýär. Muny regnum.ru ýetirýär.

Bu kompaniýalara Mitsubishi, Mitsui & Co, Itochu, Sumitomo we Marubeni degişli. Uorren Baffet uzak möhletli maýa goýumlary meýilleşdirýär we Berkshire Hathaway özüniň aktiwini 9,9%-e çenli ýokarlandyryp biler diýlip, metbugat-relizde habar berilýär.
Kompaniýa Tokionyň gazna biržasynyň paýnamalarynyň kem-kemden, çen bilen, 12 aýyň içinde satyn alnandygyny aýtdy. Ýaponiýanyň gazna bazary bu habara 31-nji awgustda ösüş bilen jogap berdi. Umumy alanyňda, ol, takmynan, 1% ýokarlandy. Marubeni we Sumitomo kompaniýalarynyň paýnamalary 9%-den gowrak, Mitsubishi bilen Mitsui-niň paýnamalary 7% töweregi ýokarlandy, Itochu-nyň kagyzlary bolsa 4,2% gymmatlady.
30-njy awgustda 90 ýaşy dolan Baffet şeýle diýýär:

“Bu bäş sany esasy kompaniýa tutuş dünýä boýunça köp sanly bilelikdäki kärhanalara eýe, ähtimal, olar özleriniň hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmegi dowam etdirerler”.

Maýa goýujy geljekde ikitaraplaýyn bähbitler üçin has köp mümkinçilik boljakdygyna umyt bildirdi.

düýn 20:25
2.1k+

Swatch akylly sagatlardaky siferblatlar sebäpli Samsung-dan 170 million dollar isleýär

Şweýsariýanyň Swatch kompaniýasy öz haryt nyşanlarynyň rugsatsyz ulanylandygy üçin Samsung kompaniýasyndan 170 million dollar jerime tölemegi talap edýär. Bu mesele boýunça häzirki wagtda Londonyň Ýokary......

25.06.2026 20:11
3.6k+

Hindi startapyny esaslandyryjy WhatsApp-a ýolbaşçylyk eder

Meta kompaniýasy WhatsApp-yň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleriň bolandygyny yglan etdi. Soňky ýedi ýylyň dowamynda messenjere ýolbaşçylyk eden Will Ketkart kompaniýanyň içinde başga bir wezipä geçýär. Täze......

24.06.2026 17:02
2.5k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

23.06.2026 22:44
5.6k+

Bugatti sport awtoulagynyň bahasyndan golf taýaklaryny satýar

Bugatti kompaniýasy «Honma» ýapon firmasy bilen bilelikde işlenip düzülen golf aksessuarlarynyň täze hataryny tanyşdyrdy. Aýratyn taýaklaryň bahasy 3200 dollardan başlanýar, iň gymmat toplumyň bahasy bolsa 72......