Raiffeisen Bank Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçilikleri barada

  • 02.09.2020 00:37
  • 14k+

Türkmenistan barlag we seljerme işi nukdaýnazaryndan “Raiffeisen Bank International” (RBI) bankynyň üns merkezinde galar diýip, Trend agentligine RBI-de habar berdiler.

“Türkmenistan RBI-niň eýýäm birnäçe wagt bäri göz astyna alýan bazary bolup durýar” – diýip, RBI-de aýtdylar.

RBI-de koronawirus pandemiýasynyň täze bazarlarda hyzmatdaşlygyň depginini peseltmegi talap edýändigini, şonuň üçin häzirki wagtda olaryň Türkmenistanda hiç hili täze taslamalarynyň ýokdugyny bellediler.
Şunuň bilen birlikde RBI-de, umuman, Türkmenistanyň hyzmatdaşlyk üçin örän gyzykly ugur bolmagynda galýandygyny hem aýtdylar.

“RBI we Türkmenistanyň ýerli maliýe institutlary Türkmenistanda howplary gözegçilikde saklamak çäreleri, şeýle-de türkmen maliýe bazarynyň gurluşy dowamly kämilleşdirilen ýagdaýynda bilelikdäki taslamalary amal edip bilýärler” – diýip, bankda bellediler.

Belläp geçsek, öň, Awstriýanyň öňdebaryjy korporatiw we maýa goýum banky bolan Raiffeisen Bank International bilen Türkmenistanyň “Rysgal” paýdarlar täjirçilik bankynyň arasynda iş bilen baglanyşykly aragatnaşyklary ýola goýmak barada gepleşikler alnyp baryldy.

düýn 19:38
2.8k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.2k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

düýn 11:05
3.6k+

Bütindünýä bankynyň hasabaty: 2035-nji ýyla çenli ýaşlaryň 1,2 milliardy zähmet bazaryna geler

Bütindünýä bankynyň «Gyzgalaňly iş üpjünçiligi meselesi» atly hasabatyna görä, ýakyn onlarça dowamynda ösüp barýan ýurtlar öň görülmedik synag bilen ýüzbe-ýüz bolarlar: takmynan 1,2 milliard ýaş nesil zähmet......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......