Türkmenistanyň Prezidenti maldarçylyk we guşçulyk toplumlaryny ösdürmek wezipelerine ünsi çekdi

  • 01.09.2020 14:01
  • 10k+

31-nji awgustda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, şeýle hem welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky iş maslahatyny geçirdi.

Maslahatda täze, 2020- 2021-nji okuw ýylyna taýýarlyk, sebitleri we paýtagtymyzy mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, şeýle hem möwsümleýin oba hojalyk işlerini talabalaýyk geçirmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ilki bilen, Aşgabat şäheriniň häkimi täze okuw ýylyna taýýarlyk görlüşi, şeýle hem döwlet Baştutanynyň paýtagtymyzy abadanlaşdyrmak boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hem-de köp sanly desgalarda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Soňra welaýat häkimleri hem-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary çagyryldy.
Degişli ýolbaşçylar täze okuw ýylyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdiler.
Welaýat häkimleri sebitlerde işleriň ýagdaýy, hususan-da, bugdaý ekişine girişmek we pagta ýygymyna başlamak boýunça çärelere taýýarlyk görmek, şeýle hem Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça öňde goýlan wezipeleriň çözülişi, welaýatlarda adamlaryň durmuş derejesini gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan işler hem-de durmuş-medeni maksatly täze desgalaryň gurluşygynyň barşy barada hasabat berdiler.
Gurbanguly Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, täze hasylyň düýbüni tutmakda möhüm ähmiýetli bugdaý ekişini guramaçylykly geçirmegiň möhümdigini belledi.
Döwlet Baştutany ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda welaýat boýunça şu ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda önümçiligiň käbir ugurlary boýunça bellenen meýilnamalaryň berjaý edilişine ünsi çekdi. Bu babatda maldarçylyk önümlerini öndürmek we mallaryň baş sanyny artdyrmak boýunça meýilnamalaryň ýerine ýetirilişine aýratyn üns berildi.
Soňra döwlet Baştutany wideoaragatnaşyga wise-premýer Ç.Gylyjowy çagyryp, ýurdumyzyň welaýatlarynda maldarçylyk we guşçulyk toplumlaryny gurmak üçin bölünip berlen, şol sanda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna bölünip berlen ýerlerde geçirilýän işlere gözegçiligi güýçlendirmegi tabşyrdy.
Bu wezipeleri çözmek üçin «Öri meýdanlary hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, wise-premýer E.Orazgeldiýewe öri meýdanlaryny peýdalanmagyň we kärendesine bermegiň tertibini hem-de Öri meýdanlaryny peýdalanandygy üçin tölegi almagyň tertibini işläp taýýarlamak we tassyklamak üçin Ministrler Kabinetine hödürlemek tabşyryldy.
Milli Liderimiz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» önümçiligiň käbir ugurlary boýunça bellenen meýilnamalaryň, şol sanda maldarçylyk önümlerini öndürmek we mallaryň baş sanyny artdyrmak boýunça meýilnamalaryň ýerine ýetirilişine aýratyn ünsi çekdi hem-de degişli tabşyryklary berdi.

düýn 23:33
1.5k+

Serdar Berdimuhamedow welaýatlary ösdürmek meseleleri boýunça iş maslahatyny geçirdi

27-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly wise-premýer T.Atahallyýewiň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar......

düýn 12:26
3.2k+

Seljermeler 2030-njy ýyla çenli Irlandiýanyň Ýewropanyň iň baý ýurdy boljakdygyna güwä geçýär

Euronews Business tarapyndan seljerilen Halkara pul gaznasynyň (HPG) hasaplamalaryna görä, 2030-njy ýyla çenli Ýewropada jemi içerki önümiň jan başyna düşýän derejesi artar, emma ýurtlaryň gurplulyk derejesi......

düýn 02:06
3.4k+

Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili Guterrişe ynanç hatlaryny gowşurdy

20-nji aprelde Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) ýanyndaky täze bellenen hemişelik wekili Wepa Hajyýew guramanyň Baş sekretary Antoniu Guterrişe ynanç hatlaryny gowşurdy. Bu barada......

26.04.2026 20:46
8.7k+

ABŞ-da 1 million dollarlyk ilkinji «altyn wiza» tassyklanyldy: eýýäm ýüzlerçe arza taýýar

Donald Trampyň administrasiýasy ABŞ-da ýaşamak rugsadyny berýän 1 million dollarlyk ilkinji «altyn wizany» tassyklady. Söwda ministri Goward Lýutnik häzirki wagtda bu mümkinçilige eýe bolmak üçin ýüzlerçe......