Hindistanda koronawirusy B12 witamini bilen bejermegi teklip etdiler

  • 30.08.2020 12:33
  • 11k+

B12 witamini organizmde SARS-CoV-2 wirusyň köpelmegine böwet bolmaga ukyply bolup, ol keseliň geçişini ýeňilleşdirýär diýip, hindi alymlary çaklaýar. Rus hünärmenleri bu witamini ulanmak bilen bagly pikiri örän seresaply kabul etdiler diýip, “Izwestiýa” neşiri ýazýar. Bu barada regnum.ru habar berýär.

Hindistanda Ýokary bilimiň Manipal akademiýasynyň we Biotehnologiýanyň sebit merkeziniň hünärmenleri kompýuter modelirlemesiniň kömegi bilen tejribe geçirdiler. Olar B12 witaminiň aýratyn görnüşi, ýagny metilkobalamin wirusyň köpelmegine jogap berýän Sars-CoV-2 genomynyň düzümindäki nsp12 atly belogy basýar diýen netijä geldiler. Alymlar B12 witamini lukmançylyk işgärleri, garry adamlar ýa-da baglanyşykly geçýän keselli adamlar üçin öňüni alyjy serişde hökmünde ulanmagy teklip edýärler. Ýöne hindi alymlary COVID-19 kesellileri bejermegiň teswirnamasyna üýtgeşmeler girizmek üçin birnäçe goşmaça tejribeleri geçirmegiň gerekdigini bellediler.
Seçenow uniwersitetiniň immunologiýa we allergologiýa kafedrasynyň müdiri Aleksandr Karaulow immunologiýa nukdaýnazaryndan B12 witamininiň täsirliliginiň hiç zat bilen tassyklanylmandygyny, şonuň üçin ony wirusa garşy serişde hökmünde maslahat berip bolmaýandygyny belledi. Ol witaminiň bir zadyň üsti bilen oňyn täsir edýändigi bilen ylalaşdy.

“B12 aktioksidant molekulalarynyň biri bolan melatoniniň bölünip çykyşyny güýçlendirýär. Ol içegäniň mikrobioty arkaly dogabitdi immunitetiň mehanizmine täsir edýär we çişe garşy täsire eýe bolýar” – diýip, hünärmen belleýär.

B12 witamini bagyrda, sygyr etinde, doňuz etinde, goýun etinde, ýumurtgada we hindi towugynyň döş etinde bar. Bu witaminiň bar bolan önümlerini pandemiýa döwründe rasiona goşmak gerek.

şu gün 23:14
327

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

düýn 07:29
2.8k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......

05.06.2026 17:46
2.6k+

Beýik Britaniýada düwnük çişlerini ýok edýän sanjym synagdan geçirildi

Beýik Britaniýada «Amiwantamab» derman serişdesiniň kliniki barlaglary tamamlandy. Synaglaryň dowamynda kelläniň we boýnuň düwnük keseliniň agyr görnüşlerinden ejir çekýän hassalaryň käbirinde çişleriň ep-esli......

05.06.2026 15:54
4k+

Hytaý dünýäde ilkinji bolup beýni implantynyň täjirçilik maksatly ulanylmagyna rugsat berdi

Hytaý dünýäde inwaziw «beýni–kompýuter» interfeýsiniň (Brain-Computer Interface, BCI) täjirçilik maksatly ulanylmagyny resmi taýdan tassyklan ilkinji ýurt boldy....