Insult we rak howpuny azaltmagyň aňsat usuly mälim edildi

  • 27.08.2020 10:01
  • 20k+

Gysga wagtlyk fiziki işjeňlik rak, infarkt we insult howpuny azaldyp biler. Munuň üçin günde ýarym sagatdan hepdede üç gezek welosiped sürmeli diýip, endokrinolog, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty Zuhra Pawlowa özüniň Instagram sahypasynda ýazýar. Bu barada RIA Nowosti habar berýär.

Delil hökmünde, ol 27 ýaşdan 54 ýaş aralygyndaky miokard infarktyny geçiren erkekleriň gatnaşan barlagyna salgylandy. Olardan gan alnyp, agramy, boýy, biliniň ýogynlygy ölçeldi we günde ýarym sagatdan hepdede üç gezek welosiped sürmek teklip edildi.
Üç aýdan soň, barlaga gatnaşyjylarda gowy holesteriniň derejesiniň dörtden bir esse ýokarlanandygy anyklanyldy. Garaşylmadyk netije hökmünde erkeklerde estradiolyň (aýal jyns gormony. - red.) 45 göterim peselmesi ýüze çykdy - bir millilitr üçin 50.1-den 27,8 pikograma çenli (artdyrylan bahadan doly kada çenli). Lukman her millilitrde 40 pikogramdan ýokary estradiolyň ýürek-damar hadysalaryndan duýdansyz ölmek howpy bilen baglanyşyklydygyna ynanýan alymlaryň pikirlerine salgylanýar.

Pawlowa "Şonuň üçinem pedaly aýlaň-da, ömrüňizi uzaldyň! Özem, munuň üçin töleg hökman däl" - diýip ýazýar.

Sözüniň ahyrynda ol ýeterlik derejedäki ujypsyz "ýüküň" şeýle howplaryň döremek töwekgelçiligini azaldyp biljekdigini aýtdy.

Şeýle hem okap bilersiňiz:

09.06.2026 23:14
5.8k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.1k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......

05.06.2026 17:46
2.7k+

Beýik Britaniýada düwnük çişlerini ýok edýän sanjym synagdan geçirildi

Beýik Britaniýada «Amiwantamab» derman serişdesiniň kliniki barlaglary tamamlandy. Synaglaryň dowamynda kelläniň we boýnuň düwnük keseliniň agyr görnüşlerinden ejir çekýän hassalaryň käbirinde çişleriň ep-esli......

05.06.2026 15:54
4.1k+

Hytaý dünýäde ilkinji bolup beýni implantynyň täjirçilik maksatly ulanylmagyna rugsat berdi

Hytaý dünýäde inwaziw «beýni–kompýuter» interfeýsiniň (Brain-Computer Interface, BCI) täjirçilik maksatly ulanylmagyny resmi taýdan tassyklan ilkinji ýurt boldy....