Британские медики поделились способом снижения давления без медикаментов

  • 12.08.2020 19:37
  • 22k+

Gipertoniýa görnüşinde belli bolan ýokary gan basyş görnetin alamatlara seýrek eýe bolýar, ýöne wagtyň geçmegi bilen ol düýpli kynçylyklara, infarkt bilen insulta çenli getirip bilýär. British Heart Foundation (BHF) guramasynyň hünärmenleriniň hasaplamagyna görä, köplenç basyş bilen bagly näsazlyklar sagdyn däl ýaşaýyş durmuşynyň netijesidir. Hut şonuň üçin ony dermanlary kabul etmezden kadalaşdyrmak mümkin. Bu barada profile.ru habar berýär.

Ilkinji nobatda, agrama üns bermeli, sebäbi ol gipertoniýa bilen gönüden-göni bagly. Köp adamlarda agramyň azaldylmagy arterial basyşy kadaly derejä çenli pese düşürýär. Şeýle-de, hereket we fiziki işjeňlik hem möhümdir. BHF her gün ortaça derejede maşklary etmegi maslahat berýär, ýöne ol hepdede 150 minutdan az bolmaly däl. Aerob maşklary, ýöriş, haýal ylgaw, welosiped sürmek, suwda ýüzmek ýa-da tanslar munuň üçin laýyk bolar.
Arterial basyşa duz ýaramaz täsir edýär, şonuň üçin onuň kabul edilmegini günde 2300 mg çenli çäklendirmek gerek. Ol “ýaramaz” holesteriniň derejesini ýokarlandyrýar. Damarlary arassalamak üçin adaty mindaldan hem peýdalanmak bolar. Mindalda doýgun ýaglar az, doýgun däl kislotalar köp bolýar. Onda ösümlik belogy, kletçatka, fitosterinler hem-de beýleki saglyga oňaýly täsir edýän peýdaly maddalar saklanýar. Alymlar mindaly her gün iýmelidigini subut etdiler. Şeýle ýagdaýda ýürek-damar keselleriniň döremek howpy 30% peselýär.
Şunuň bilen birlikde, uly ýaşlylar günde hersi 80 gr töweregi bolan miweleriň hem-de gök önümleriň bäş paýyny iýmelidirler. Bu önümler rasionyň üçden bir bölegini tutmaly. Ýene-de üçden biri ýeralma, çörek, tüwi we unaş ýaly krahmal önümlerine degişli. Süýt önümleri, belok we ýaglar üçden biriň galan bölegini tutýar. Mundan başga-da, günde altydan sekiz çaşka çenli suwuklygy içmegi ýatdan çykarmaly däl.
Zyýanly endiklerden, birinji nobatda, çilim çekmekden we alkogoldan ýüz öwürmek ýürek-damar keselleriniň howpuny peselder we saglygyň umumy ýagdaýyny kadalaşdyrar. Şeýle-de, köp barlaglar gan basyşyň dartgynlylyk derejesi bilen baglydygyny subut edýärler, şonuň üçin ony boldugyndan pese düşürmek gerek.

Şeýle hem okap bilersiňiz:

вчера 11:31
3.3k+

ВОЗ ожидает завершения вспышки хантавируса 2 июля

Всемирная организация здравоохранения (ВОЗ) заявила, что вспышка хантавируса может быть признана завершённой 2 июля, если к этому времени не будут выявлены новые случаи заболевания....

24.06.2026 18:05
2.8k+

ВОЗ: вспышка Эболы в ДР Конго стала крупнейшей в истории

Всемирная организация здравоохранения (ВОЗ) заявила, что текущая вспышка лихорадки Эбола в Демократической Республике Конго стала крупнейшей в истории по числу подтверждённых случаев за первый месяц после......

20.06.2026 12:08
7.6k+

Новое лекарство от потери волос помогло 80% участников исследования

Человечеству известно множество причин выпадения волос, однако эффективных средств борьбы с этим процессом по-прежнему крайне мало. В ходе новых клинических испытаний экспериментальный препарат в виде таблеток......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Правила здоровья в летнюю жару: рекомендации туркменских медиков

Летний сезон требует особого внимания к здоровью. Центр медицинской информации Министерства здравоохранения и медицинской промышленности Туркменистана выпустил свод правил для безопасного проведения лета....