Lukmanlar haýsy endigiň adamyň ömründen on ýyl aýyrýandygyny anykladylar

  • 11.08.2020 15:36
  • 25k+

Günorta Awstraliýa uniwersitetiniň Awstraliýa saglyk merkeziniň lukmanlary çilim çekýänler bu ýaramaz endigi ýeňmegi başaranlara garanda, ortaça 10 ýyl ir aradan çykýarlar diýen netijä geldiler. Hünärmenleriň barlag işine 150 müňden gowrak adam gatnaşdy. Bu barada live24.ru habar berýär.

Olar her bir çekilen çilimiň käbir keseller bilen kesellemek howpuny 30%, hatda ondan hem köp ýokarlandyrýandygyny anykladylar. Barlag işiniň netijeleri boýunça, olar bu zyýanly endik bilen meşgullanmaýan adamlaryň 10 ýyl uzak ýaşaýandyklaryny kesgitlediler.

— Ilki bilen, biz çilimi eýýäm köp wagt bäri çekýän adamlary göz öňünde tutýarys. Şeýle adamlarda her bir çekilen çilimiň esasynda ýürek-damar we respirator keselleriniň, şeýle-de rak keseliniň ýüze çykmak howpy ýokarlanýar – diýip, hünärmenler gürrüň berýärler.

Barlagçylar çilim çekmegiň emfizemanyň (öýkeniň hroniki keseli) döremek howpuny 17 esse, aterosklerozyň güýçlenmek ähtimallygyny sekiz esse we öýkeniň rak keseli bilen kesellemek howpuny 6,5 esse ýokarlandyrýandygyny anykladylar.
Mundan başga-da, alymlar temmäkiniň çekilmeginiň böwrek ýetmezçiligi, görejiň bozulmagy we operasiýa hem-de beýleki lukmançylyk işlerinden soň gaýra üzülmeler bilen baglanyşygyny ýüze çykardylar.
Hünärmenler dünýäde çilimkeşleriň sanynyň soňky 20 ýylyň içinde azalandygyny aýtdylar. Ýöne şunuň bilen birlikde, olaryň aýtmagyna görä, temmäkini Ýer ýüzüniň 15 ýaşyndan başlap 20% ýaşaýjylary çekmegi dowam etdirýärler.

26.06.2026 11:31
3.5k+

BSGG hantawirusly ýagdaýyň 2-nji iýulda tamamlanmagyna garaşýar

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG), eger şol wagta çenli kesel bilen bagly täze ýagdaýlar ýüze çykmasa, hantawirus keseli bilen bagly epidemiýanyň 2-nji iýulda tamamlanan diýlip ykrar edilip......

24.06.2026 18:05
2.8k+

BSGG: Kongodaky Ebola epidemiýasy taryhda iň ulusy boldy

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kongo Demokratik Respublikasynda ýüze çykan häzirki Ebola gyzzyrmasynyň epidemiýanyň başlanan ilkinji aýynda tassyklanan kesel ýagdaýlarynyň sany boýunça taryhda iň......

20.06.2026 12:08
7.7k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......