Türkmenistanda telekeçiligi onlaýn hasaba almaklyk ýola goýulýar

  • 23.08.2020 09:16
  • 8k+

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Ýuridik şahslary hem-de maýa goýum taslamalaryny döwlet tarapyndan hasaba alyş bölümi telekeçilere biznesini onlaýn bellige aldyrmaga mümkinçilik berýän elektron arzalary tabşyrmagyň awtomatlaşdyrylan ulgamyny işe girizdi.

Bu täzelik döwlet hasaba alyş, gaýtadan hasaba alyş we ýuridik şahslary ýatyrmak işini çaltlaşdyrar. Ýakyn geljekde hasaba almak we işewürlik ygtyýarnamasynyň uzaldylmagy üçin uzakdan töleg üçin onlaýn hyzmat hem guralar.
Maliýe we ykdysadyýet ministrligi ýuridik şahslaryň Bitewi Döwlet sanawynyň sanly maglumatlar binýadyny taýýarlaýar, onuň kömegi bilen hasaba alyş tertibi aňsatlaşdyrylar diýip, TDH habar gullugy ýazýar.
Täze ulgam artykmaç bökdençlikleri, raýatlar üçin goşmaça çykdajylary we haýsydyr bir instansiýa şahsy ýüz tutmak zerurlygyny aradan aýyrar.
Ýakynda sebit döwlet hasaba alyş bölümleri bitewi ýerli ulgama birikdirildi. Ol welaýatlarda we Aşgabatda edaranyň gurluş bölümleriniň arasynda resminamalary utgaşdyrmak ulgamyny aňsatlaşdyrdy.
Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň web sahypasynda edara görnüşli taraplary hasaba almak üçin zerur resminamalar barada maglumatlar, zerur arzalaryň nusgalary we beýleki peýdaly maglumatlar bar.

düýn 20:25
2.1k+

Swatch akylly sagatlardaky siferblatlar sebäpli Samsung-dan 170 million dollar isleýär

Şweýsariýanyň Swatch kompaniýasy öz haryt nyşanlarynyň rugsatsyz ulanylandygy üçin Samsung kompaniýasyndan 170 million dollar jerime tölemegi talap edýär. Bu mesele boýunça häzirki wagtda Londonyň Ýokary......

25.06.2026 20:11
3.6k+

Hindi startapyny esaslandyryjy WhatsApp-a ýolbaşçylyk eder

Meta kompaniýasy WhatsApp-yň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleriň bolandygyny yglan etdi. Soňky ýedi ýylyň dowamynda messenjere ýolbaşçylyk eden Will Ketkart kompaniýanyň içinde başga bir wezipä geçýär. Täze......

24.06.2026 17:02
2.5k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

23.06.2026 22:44
5.6k+

Bugatti sport awtoulagynyň bahasyndan golf taýaklaryny satýar

Bugatti kompaniýasy «Honma» ýapon firmasy bilen bilelikde işlenip düzülen golf aksessuarlarynyň täze hataryny tanyşdyrdy. Aýratyn taýaklaryň bahasy 3200 dollardan başlanýar, iň gymmat toplumyň bahasy bolsa 72......