1-nji sentýabrda Türkmenistanda 159 müň okuwçy birinji synpa gider

  • 20.08.2020 23:32
  • 29k+

Şu gün Türkmenistanyň Telekommunikasiýa we informatika institutynyň mejlisler zalynda wise-premýer P.Agamyradowyň gatnaşmagynda bilim işgärleriniň maslahaty geçirildi. Onda täze okuw ýylyna taýýarlygyň jemi jemlendi.

Şu ýyl 159,374 okuwçynyň birinji synpa barmagyna garaşylýar.
Umuman alanyňda, 1-nji sentýabrdan başlap, ýurduň 1868 sany umumybilim edarasynda 81,367 mugallym 1 million 400 müňden gowrak okuwça bilim berer.
Şu günki ara alyp maslahatlaşmagyň esasy maksady Bilim ministrliginiň bilim berşiň howpsuzlygyny üpjün etmek bilen bagly täze görkezmeleriniň ýerine ýetirilmegi boldy. Oňa laýyklykda, mekdeplerde gün tertibi üýtgediler, uly synplar bölünip, okuwçylaryň ýaşyna görä sapaklaryň wagty azaldylar.
ÝOM-larda hünärleriň sany köpeldi.
Maslahata Bilim ministri hem-de onuň orunbasarlary, Saglygy goraýyş we derman senagatynyň ministriniň orunbasary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň orunbasarlary, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary we mugallymlary, Aşgabatdaky mugallymçylyk hem-de orta mekdepleriniň müdirleri, şeýle hem bilim ulgamynyň beýleki wekilleri gatnaşdylar.

düýn 20:41
1.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Yrak Respublikasynyň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy......

25.06.2026 19:18
3.8k+

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......

23.06.2026 18:58
3.1k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

22.06.2026 14:31
5.9k+

Amerikaly uçurym 264 kolleje okuwa girdi we $17 mln möçberinde talyp haky gazandy

Amerikanyň Jorjiýa ştatyndaky mekdep uçurymy Patrik Pruitt 264 sany kolleje we uniwersitete okuwa kabul edilip, jemi 17 million dollardan gowrak talyp haky tekliplerini aldy. Bu görkeziji ýurduň milli rekordy......