Şu ýyl ýokary we orta hünär okuw mekdepleri dalaşgärlere 46 sany täze hünärleri hödürleýär

  • 01.08.2020 17:29
  • 32k+

2020-nji ýylyň giriş möwsümi dowam edýär. Bu möwsümde okuwa girmäge isleg bildirýän dalaşgärlere hödürlenilýän hünärleriň sany ep esli artdy.

Şolaryň hatarynda:
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde rus dili we edebiýaty boýunça hünärmenleri taýýarlamak gaýtadan ýola goýuldy.
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda hödürlenilýän täze hünärler:
– bank işi we pul dolanyşygy;
– maliýe bazarlary we sanly ykdysadyýetde maliýe howpsuzlygy;
– söwdada we logistikada sanly tehnologiýalar;
– maglumat ulgamlary we tehnologiýalary (ykdysadyýetde we dolandyryşda);
– kompýuter ulgamynyň programma üpjünçiligi.

Türkmen döwlet maliýe instituty halkara maliýe ugrundan bakalawrlary taýýarlap başlar.
Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde şu ýyldan başlap, ýyladyşhana hojalygy, senagat balykçylygy, agroekologiýa, şeýle hem kinologiýa ulgamlarynda geljegi uly hünärler öwrediler.
D.Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda italýan dili öwredilip başlanar. Mundan başga-da, rus we iňlis filologiýasy babatda bakalawr maksatnamasyna terjimeçilik işi hem goşuldy. Şeýle hem bu ýerde iňlis dilini erkin bilýän dalaşgärler magistr derejesini almak üçin daşary ýurt dillerini okatmagyň usulyýetini öwrenip başlarlar.
Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde şu ugurlar boýunça bakalawr maksatnamasyny geçmek teklip edilýär:
– mikrobiologiýa;
– tehnologiýa işewürligi;
– filologiýa (tehniki iňlis dili we ýapon dili).
Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty täze ugurlaryň dördüsini teklip edýär:
– demir ýollaryň hereket edýän düzümi;
– portlaryň we ulag menzilleriniň ýükleýiş-düşüriş enjamlarynyň ulanylyşy;
– ýerüsti ulag-tehnologik serişdeleri;
– landşaft dizaýny.

Türkmen döwlet medeniýet institutynda şu ugurlarda bakalawrlar taýýarlanylyp başlanar:
– art-menejment,
– operatorçylyk işi
– montažyň režissurasy.

Ýurdumyzyň sebitlerinde ýerleşýän ýokary okuw mekdeplerinde hem hödürlenilýän hünärleriň sanawy baýlaşdyryldy.
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda (Türkmenabat şäheri) pars we nemes dilleri, şeýle hem bedenterbiýe ugrundan ýokary bilim almaga mümkinçilik döredi.
Türkmen döwlet energetika institutynda (Mary şäheri) menejment ulgamynda; maglumat howpsuzlygy; infokommunikasion tehnologiýalar we aragatnaşyk ulgamlary; elektroenergenika we elektrotehnika ugurlary boýunça bakalawrlary taýýarlap başlarlar.
Türkmen oba hojalyk institutynda bolsa (Daşoguz şäheri) awtomatlaşdyrmak we dolandyrmak; maglumat ulgamlary we tehnologiýalary hünärlerinden bakalawrlar taýýarlanylar.

Orta hünärment okuw mekdeplerinde hem dalaşgärlere täze hünärleriň birnäçesi hödürlenilýär:
«Türkmenhowaýollary» agentliginiň howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan Mekdebi dolandyryş we logistika ulgamynda hünärmenleri taýýarlar.
«Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň Türkmenabatdaky derýaçylyk orta hünär okuw mekdebinde maglumaty goramagyň howpsuzlygy, şeýle hem elektrik üpjünçiligi boýunça hünärler öwrediler.
«Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde we «Türkmengaz» döwlet konserniniň Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebinde bilimiň täze ugurlarynyň esasynda iň täze maglumatlar ulgamlary we sanly tehnologiýalar hünäri öwrediler.
Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebinde grimçi hünäri öwrediler.
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebinde bolsa sahna bezegi we agajy çeper bezemek ugurlary boýunça hünärmenler taýýarlanylar.
Umuman alanyňda, üstümizdäki giriş möwsüminde ýokary okuw mekdeplerinde 32 sany, orta hünärment okuw mekdeplerinde bolsa 14 sany täze hünärler dalaşgärlere hödürlenilýär.

Öň, Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine kabul ediş möwsüminiň möhletiniň 21-nji awgusta çenli uzaldylandygyny habar beripdik.

düýn 23:39
2.2k+

Aşgabatda on sany talyp we mekdep okuwçysy «Hytaýyň ilçisiniň talyp hakyny» aldy

Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynda «Hytaýyň ilçisiniň talyp haky» baýragyny gowşurmak dabarasy geçirildi. Hytaý dilini, medeniýetini we däp-dessurlaryny öwrenmekde ýokary netijeleri......

düýn 10:02
1.9k+

TOHU halkara ylmy-amaly elektron žurnaly neşir eder

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti «Türkmenistanda agroinnowasiýa» atly ylmy-amaly elektron žurnalyny neşir edip başlar. Degişli teklibi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow......

26.06.2026 20:41
2k+

Türkmenistanyň bilim ministri Yrak Respublikasynyň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy......

25.06.2026 19:18
4.1k+

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......